Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk Federasiýasy bilen “Türkmen atlary” Döwlet Birleşigi arasynda Türkmen atçylyk sungaty we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň mart aýynyň 4-ne Baku şäherindäki Bina Atçylyk Merkezinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli atçylyk toparynyň gatnaşmagynda täsirli medeni çäre geçirildi. Meşhur toparyň çykyşy dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrülüp, türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezdi.
2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen Halkara Sirk Sungaty Festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan sungat topary öz maksatnamasyny ilkinji gezek azerbaýjan tomaşaçylaryna hödürledi. Artistler at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly hereketlerini, täsirli akrobatik tilsimlerini we ajaýyp sazlaşygy görkezip, türkmen atçylyk sungaty mekdebiniň ýokary hünär ussatlygynyň we köpýyllyk däplerini görkezdiler. Tomaşaçylar şowhunly we gyzykly çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen mähirli garşyladylar.
Mundan başga-da, maksatnamada, Türkmenistanyň Döwlet Sirkiniň we Arkadag şäherinde ýerleşen “Gorogly” adyndaky Döwlet Atçylyk Sirkiniň ussatlary çykyş edip, milli medeniýetiň we häzirki zaman sirk sungatynyň üstünliklerini görkezýän täsirli akrobatik we çeperçilik çykyşlary hödürlediler.
Çäraniň iň şowhunly bölegi iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini alamatlandyrýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet baýdaklary bilen atçylaryň eden çykyşlary boldy. Bu çäre ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine we Türkmenistanyň medeni mirasynyň daşary ýurtlarda giňden ýaýradylmagyna uly goşant goşdy.
Saparyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk Federasiýasynyň we “Türkmen atlary” Döwlet Birleşigi arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.