Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan we Türkmenistan Orta Geçelge boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler
2026-njy ýylyň fewral aýynyň 10-na Aşgabatda AZCON Holding kompaniýalarynyň biri bolan “Azerbaýjan Demir Ýollary” ÝGPJ-niň (ADY) başlygy Röwşen Rustamow, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow, “Özbegistan Demirýollary” PJ-nIň direktorlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew we “Gruziýanyň Demir Ýollary” PJ-nIň baş direktory Laşa Abaşidzeniň arasynda dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleri, demirýol pudagynda, şeýle hem sebitiň esasy üstaşyr ýollarynyň biri bolan Orta Geçelge boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Orta Geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, bu ýolda daşamagyň möçberini artdyrmak barada pikir alyşdylar we has netijeli ýük daşamak üçin amallaryň sanlylaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar.
Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmebaşy şäherinde gol çekilen “Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly Ösüş we Ulag Ministrliginiň, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag Ministrliginiň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama” hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşjakdygy bellenildi.
Dörttaraplaýyn duşuşygyň netijesinde Orta Geçelge ýük daşamagyň sanlylaşdyrylmagy we ösdürilmegi, şeýle hem geçelge diagnostikasy ýaly ugurlary öz içine alýan protokola gol çekildi.