“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
Hyzmat pasporty

    

Hyzmat pasporty - Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty bolan şahslara Azerbaýjan Respublikasyndan gitmek we Azerbaýjan Respublikasyna girmek hukugyny amala aşyrmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ýerine ýetiriji edarasy (Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrligi) tarapyndan berilen, Azerbaýjan Respublikasynyň çäginden daşarda olaryň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan, ähli ýurtlara iş sapary bilen syýahat etmek üçin güýje girýän resmi kagyzdyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň "Pasportlar hakynda" kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, hyzmat pasporty aşakda görkezilen şahslara Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan berilýär:

Hyzmat pasport iş sapary bilen daşary ýurtlara iberilenleriň sanawy degişli ýerine ýetiriji edara tarapyndan tassyklanan wezipeli şahslar, şol sanda Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ýerine ýetiriji edarasy, Milli Mejlisi, Hasaplama Palatasy, Azerbaýjan Respublikasynyň Prokuraturasynyň, Merkezi Bankynyň, Merkezi Bankyň ýanynda Maliýe Gözegçilik Gullugyna, degişli ýerine ýetiriji edaralanyň jogapkär işgärlerine, häkimlere, Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň agzalaryna,  Nahçiwan Awtanom Respublikasynyň Ýokary Mejlisiniň we degişli ýerine ýetiriji edaranyň enjamlarynyň jogapkär işgälerine, degişli ýerine ýetiriji edaranyň ýolbaşçylaryna we olaryň orunbasarlaryna, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalrynyň dolandyryş-tehniki işgärlerine, olar üç aýdan köp daşary ýurtlarda işleýän bolsa olaryň aýalyna (adamsyna), 18 ýaşy dolmadyk çagalaryna, 18 ýaşyna ýeten işlemäge ukypsyz çagalara, halkara sebitlerde işleýän deňiz we howa gämilerine, demirýol we awtoulag transport işgärlerine berilýär. Hyzmat pasporty degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň teklibi iberilenden soň bäş iş günüň dowamyndan gijä galman Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ýerine ýetiriji edarasy tarapyndan eýesiniň ygtyýarlyk möhleti ýa-da bäş ýyl möhlet bilen berilýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň mart aýynyň 3-ne 391 belgili Permany bilen tassyklanan "Hyzmat pasportyny almaga hukugy bolan wezipeli şahslaryň SANAWY":

  1. Azerbaýjan Respublikasynyň kazyýetleriniň kazylary (kanunlarda bellenilen tertipde diplomatik pasport almaga hukugy bolan kazylardan başga).
  2. Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň, şeýle hem telekeçilik däl guramalarynyň aşakdaky ýolbaşçylary:

2.1. Azerbaýjan Respublikasynyň merkezi ýerine ýetiriji edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary, beýleki döwlet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň baştutanlary, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan bellenen täjirçilik däl guramalar we olaryň orunbasarlary (kanunda bellenilen tertipde diplomatik pasport almaga hukugy bolan adamlardan başga);

2.2. Azerbaýjan Milli Ylymlar Akademiýasynyň doly we degişli agzalary, Presidiumdaky bölüm (dolandyryş, kätiplik, kafedra) ýolbaşçylary, olaryň orunbasarlary, ylmy kätipler, Akademiýanyň Nahçiwan we Genje bölümlerinde bölüm (dolandyryş) ýolbaşçylary, ylmy kätipler, Akademiýanyň regional ylmy merkezleriniň, institutlarynyň we Akademiýanyň institutlara deň hasaplanýan beýleki ylmy edaralaryň müdirleri, müdir orunbasarlary, bölüm (laboratoriýa) ýolbaşçylary, ylmy kätipleri;

2.3. Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Nebit Gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri we onuň orunbasary, Ýerine ýetiriji müdiriň geňeşçisi, kömekçisi, Ýerine ýetiriji müdiriň ofisiniň, Gazylyp Alynýan Pudaklarda Aýdyňlyk boýunça Komissiyanyň Sekretariaty we beýleki gurluş bölümleri (müdirlik, bölüm) ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary;

2.4. Haýdar Alyýew Merkeziniň müdiri we onuň orunbasary;

2.5. Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň agzalary (Kanun esasynda bellenilen tertipde diplomatik pasport almaga hukugy bolan Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygyndan başga), Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň agzalary;

2.6. Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Ýokary Mejlisiniň deputatlary;

2.7.Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Merkezi ýerine ýetiriji häkimiýetleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary;

2.8.Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Adam hukuklary boýunça aklawçysy (Ombudsman);

2.9. Milli Telewideniýe we Radio Geňeşiniň agzalary;

2.10. Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Telewideniýe we Radio Geňeşiniň agzalary;

2.11.Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň Bakudaky Hemişelik Wekiliýetiniň ýolbaşçysy;

2.12. ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylary.

2.13. halkara konferensiýalarda, ýygnaklarda we beýleki halkara çärelerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň bähbitlerini goraýan beýleki ýolbaşçy işçiler (Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Dolandyryş ýolbaşçysynyň razylygy bilen).

  1. Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite Döwlet Gorag Gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasarlary, edara (bölüm, hyzmat) başlyklary we olaryň orunbasarlary, howpsuzlyk işgärleri we olara meňzeş işgärler.
  2. Döwlet gullugynda, şol sanda döwlet gullugynyň ýörite görnüşinde işleýän aşakdaky adamlar:

4.1. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident Dolandyryşynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident Işler Edarasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Ýörite Lukmançylyk Hyzmatynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň diplomatik pasport almaga hukugy bolmadyk işgärleri;

4.2. ýokary dolandyry’ wezipeleri - altynjy derejeli wezipelerde işlän döwlet gullukçylary (kanunda bellenilen tertipde diplomatik pasport almaga hukugy bolan döwlet işgärlerinden başga);

4.3. Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak Ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň, Içeri Işler Ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Adalat Ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan Daşary Ministrligi, Azerbaýjanyň Respublikasynyň Döwlet Gümrük Gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Howspyzlyk Gullugy, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Gözleg Gullugy, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Serhet Gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Mobilizasiýa we Harby Gulluga Çagyryş boýunça Döwlet Gullugy we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň ýolbaşçylarynyň kömekçileri (geňeşçileri), kätipleri, esasy dolandyryň bölümiň, bölüm (gulluk, harby bölüm, pudak, topar) ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, şol edaralaryň enjamlarynda baş (ýokary) we orta başlyk wezipelerinde işleýän şahslar, ofis işgärleri, ýokary derejeli (ýokary, orta) ýörite derejelleri bolan adamlar, baş geňeşçiler, uly geňeşçiler, esasy geňeşçiler, geňeşçiler we olar bilen deň wezipeli bolan adamlar;

4.4. Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak Ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Içeri Işler Ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Adalat Ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan Daşary Ýagdaýlar Ministrligi, Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük Komitetiniň, Azerbaýjanyň Döwlet Howpsyzlyk Hyzmaty, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Gözleg Gullugy, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Serhet Gullugy, Azerbaýjan Respublikasynyň Mobilizasiýa we Harby Gulluga Çagyryş boýunça Döwlet Gullugy we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Migrasiýa Gullugyna tabyn bolan edaralaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, tabyn bolan edaralaryň gurluş bölümleriniň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary;

4.5. Azerbaýjan Respublikasynyň Salgyt Ministriniň geňeşçisi (kömekçisi), ministrligiň enjam ýolbaşçysy we onuň orunbasary, esasy dolandyryş, bölüm  we olaryň orunbasarlary, ministrligiň işgärlerinde uly we kiçi işgärler wezipesini ýerine ýetirýän şahslar, ministrligiň tabynlygynda bolan edaralaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, şol guramalaryň gurluş bölümleriniň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary;

4.6. Azerbaýjan Respublikasynyň prokuraturasynyň işgärleri, sülçüleri we prokurorlary (kanunda bellenen tertipde diplomatik pasport almaga hukugy bar bolna Azerbaýjan Respublikasynyň Baş prokurory, onuň orunbasarlary we Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň prokurory);

4.7. diplomatik pasport almaga hukugy bolmadyk meýdan aragatnaşyk gullugynyň işgärleri;

4.8. Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Bankynyň baş müdiri, başlygyň geňeşçisi, ýerine ýetiriji işgärleriň ýolbaşçysy we olaryň orunbasarlary, bölümleriň we beýleki gurluş bölümleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary, ýokary derejeli hünärmenler (ýokary derejeli maslahatçylar), esasy hünärmenler (esasy maslahatçylar), hünärmenler (maslahatçylar), kiçi hünärmenler we olara meňzeş wezipeli şahsalar, Merkzei Bankyň Nähçiwan Awtanom Respublikasynyň Dolandyryş we beýleki sebit bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we olaryň orunbasarlary;

4.9. Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Bankynyň ýanyndaky Maliýe Gözegçilik Gullugynyň müdiriniň orunbasary, ýerine ýetiriji dolandyryş ýolbaşçysy we onuň orunbasary, bölüm we beýleki gurluş bölümleriniň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, uly hünärmenler (uly maslahatçylary), esasy hünärmenleri (esasy maslahatçylary), hünärmenleri (geňeşçiler) we şoňa meňzeş wezipeli şahslary;

4.10. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň tehniki- dolandyryş işgärleri.

5. Hyzmat pasportyny almaga hukugy bolan beýleki şahslar:

5.1. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň tehniki- dolandyryş işgärleri üç aýdan köp daşary ýurtlarda işlese, olaryň aýallaryna (ýoldaşyna), 18 ýaşyna ýetmedik çagalaryna we 18 ýaşa ýeten işlemäge ukypsyz çagalaryna;

5.2. halkara sebitlerde işleýän deňiz we howa gämileri, demir ýoly we ýol ulaglary işgärleri.

Hyzmat pasportynyň berilmegi ýa-da çalyşmagy üçin döwlet tölegi alynmaýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary ýurtda bolan ygtyýarly şahslar bu pasportyň eýesine daşary ýurtdaky resmi borçlaryny ýerine ýetirmekde kömek bermäge borçludyrlar.

Dykkat! Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň hyzmat pasportyna eýe bolan raýatlar iş saparyna iberiljek daşary ýurda wiza almak (halkara şertnamalaryna laýyklykda raýatlaryň wizasyz giriş-çykyşy barada özara ylalaşyk gazanan ýurtlardan başga) Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň Konsullyk Bölüminiň degişli notasy esasynda degişli daşary ýurt Azerbaýjan Respublikasynda ýerleşýän (ýa-da akkreditlenen) diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyga ýüz tutmalydyrlar.

Pasport almak hakynda arza (haýyşa) seredilmegi

  • Pasport almak hakynda raýatyň arzasy (kärhananyň, bölümiň, guramanyň haýyşy) pasportyň görnüşine baglylykda şu Kanunyň 4, 5 ýa-da 6-njy maddalarynda görkezilen möhletlerde, eger daşary ýurda gidýän şahsyň ýa-da onuň bilen gidýän şahslaryň gyssagly bejergi ýa-da daşary ýurtda ýaşaýan adamyň garyndaşyň agyr keseli ýa-da ölümi sebäpli bolsa, bu faktlary tassyklaýan resminama tabşyrylandan 48 sagatdan uzaga çekmän serediler.
  • Raýatyň ýurtdan çykmak hukugy Azerbaýjan Respublikasynyň Migrasiýa Kodeksinde görkezilen ýagdaýlara laýyklykda wagtlaýyn çäklendirilende ýagdaýynda pasport almaklygy soramagyň sebäpleri ýazylgy görnüşde arza berijä (ýüz tutana) habar bermek bilen ret edilýär we olaryň olaryň gaýtadan ýüz tutmagyna (haýyşyna) sebäpleri ýok edilenden soň seredilýär.
  • Raýat hakynda ýalan maglumat ýazylanda ýa-da möhleti geçen resminama tabşyrylan bolsa, pasport berilmekden ret ediler we bu meselä diňe täze resminamalar tabşyrylandan soň seredilip bilner.
  • Döwlet syrlaryny goramak bilen bagly pasport berilmegiň red edilmegi diňe Azerbaýjan Respublikasynyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda edilýär.
  • Pasport almak hakynda arza (haýyşa) gaýtadan işlemegiň gijikdirilmegi ýa-da ret edilmegi barada raýat administratiw we (ýa-da) kazyýete şikaýat edip biler.

Bu Kanun bozulanda jogapkärçilige çekilýär:

  • Pasporta ýalan maglumatlar girizilende, pasport ogurlananda, galplaşdyrylan, satylanda, bikanun taýýarlananda ýa-da ulanylanda, günäkär şahslar Azerbaýjan Respublikasynyň kanunçylygyna laýyklykda göz öňünde tutulan tertipde administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilýärler.

Azerbaýjan respublikasynyň raýatynyň pasporty

  • Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň pasporty (mundan beýläk - pasport) Azerbaýjan Respublikasynyň çäginden daşarda raýatyň şahsyýetini tassyklaýan, şeýle hem ýurtdan çykmak we girmek hukugyny amala aşyrmagy üçin berilýän ýeke-täk resminamadyr.
  • Pasport her bir Azerbaýjan Respublikasynyň raýatyna bu Kanunda kesgitlenen tertipde berilýär we ähli ýurtlara syýahat etmek üçin ýörgünlidir.
  • Pasportyň milli raýat, hyzmat we diplomatik pasport görnüşleri bar. Pasportlaryň beýany, spesifikasiýasy we nusgasy degişli ýerine ýetiriji edara tarapyndan tassyklanýar.
  • Pasport Azerbaýjan Respublikasynyň emlägidir, onuň raýatyň elinden alynmagy ýa-da girew alynmagy Azerbaýjan Respublikasynyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda düýbünden gadagan edilýär.
  • Her bir raýat pasportyny berk saklamaga borçlydyr. Pasport ýitirilende raýat pasport beren döwlet edaralaryna, şeýle waka daşary ýurtlarda ýüze çyksa, Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullygyna haýal etmän habar bermelidir. Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyklary, Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ýerine ýetiriji edarasy bilen bilelikde şeýle raýatlara gysga wagtyň içinde Azerbaýjan Respublikasyna dolanmak hukugyny berýän resminama bererler.
  • Raýat aradan çykanda onuň pasporty, şeýle hem möhleti geçen pasportlar degişli döwlet edarasyna berilýär.

Hyzmat pasportynyň resmileşdirilmegi üçin talap edilýän resminamalar

Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty hyzmat pasportyny almak ýa-da çalyşmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:

  • Bir sany hyzmat pasportyny almak hakynda wekilçilikli kärhanadan (edaradan, guramadan) ýörite doldurylan anketa

a (wezipeli şahslaryň özleri üçin) (nusgasy goşulan);

b (wezipeli şahslaryň maşgala agzalary üçin) (nusgasy goşulan);

  • Arza doly tamamlanandan we şahs tarapyndan görkezilen degişli döwlet edarasynyň möhri we ýolbaşçynyň goly bilen tassyklanandan soň, onuň asyl nusgasy berilmelidir.
  • Şahsyň 2 sany reňkli suraty (3x4sm ölçegde, ak fonda);
  • Tassyklanan döwlet edarasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň adyna salgylanan, şahsyň resmi iş üçin daşary ýurda iberilmegi (ikinji senesi we zerur bolan halatynda adamyň ygtyýarlyk möhleti) we bu maksat bilen onuň adyna diplomatik pasportyň resmileşdirilmeginiň zerurlygy barada maglumatlary öz içine alýan resmi hatyň asyly;
  • şahsyýetnamasynyň asyl nusgasy we göçürmesi;
  • öňki diplomatik pasportyň asyl nusgasy we göçürmesi;
  • wezipeli adamyň maşgala agzalary üçin nika şahadatnamasynyň göçürmesi;
  • wezipeli adamyň 18 ýaşa ýetmedik çagasy üçin ene-atasynyň ikisiniň hem notarial tarapyndan tassyklanan razylyk arzasy;
  • Arza wezipeli şahsyň 15 ýaşa ýetmedik çagasy barada degişli bolsa - gan topary hakynda lukmançylyk şahadatnamasy (çaganyň şahsy şahadatnamasynyň göçürmesi berlen halatynda bu resminama talap edilmeýär);
  • Pasportyň möhleti gutaranda ýa-da raýatyň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgese ýa-da pasport, şol sanda onuň elektron göterijisi (çip) ulanyp bolmajak ýagdaýa gelende ýa-da pasportyň ýüzündäki ýa-da elektron göterijisindäki maglumatlaryň nädogrydygy anyklananda çalşylmalydyr.

Bellik: Diplomatik pasport almaga hukugy bolan wezipeli şahsyň çagalaryna degişli pasport berlende, diňe 15 ýaşyna ýeten çagalar wezipeli şahs bilen birlikde arzada şahsy gollary çekýärler;

Pasportda görkezilen maglumatlar

Görnüşine garamazdan her bir pasportda:

  • Azerbaýjan Respublikasynyň ady, döwlet gerbi, ýurduň kody, pasportyň görnüşi, belgisi, eýesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, raýatlygy, doglan ýeri we senesi, jynsy, şahsy identifikasiýasy, gan topary, pasport berýän edaranyň ady, berlen senesi, hereket ediş möhleti, pasport eýesiniň şahsy goly we pasporta degişli talaplar görkezilýär;
  • Paspor eýesiniň ýüz keşbi üçin ýer, elektron göterijiniň (çipiň) bardygyny görkezýän ýörite bellik we maşyn bilen okap bolýan iki setirli teksti öz içine alýar;
  • Daşary ýurda gitmek üçin resmilaşdyrylan rugsatlar (wizalar) we beýleki ýörite (gümrük we serhet barlag nokatlaryndan geçmek barada) bellikler edilýär.
  • Mundan başga-da, hyzmat pasporty bu Kanunyň 5-nji maddasynyň üçünji böleginde, diplomatik pasportda bolsa bu Kanunyň 6-njy maddasynyň bäşinji bölüminde göz öňünde tutulan ýagdaýlary görkezýär.
  • Pasportdaky ýazgylar Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet dilinde we iňlis dilinde görkezilýär.
  • Pasportda elektron göteriji (çip) ýerleşdirilýär. Elektron göterijä (çipe) bu maddanyň birinji bölüminiň 1-nji bendinde görkezilen maglumatlary (pasport eýesiniň golundan başga), pasport eýesiniň ýüz keşbini, 15 ýaşyna ýeten raýatyň el-barmak yzlaryny we degişli ýerine ýetiriji edara tarapyndan kesgitlenen ýagdaýynda beýleki maglumatlary öz içine alýar.
  • Bu maddada görkezilen maglumatlary pasporta ýa-da elektron göterijisine girizen wezipeli şahs, şol maglumatlaryň dogrulygyna jogapkärdir.

 

Paýlaş
Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty