Türkmenistanda Azerbaýjanyň milli mirasynyň ajaýyp tanyşdyrylyşy
Awazada dowam eden Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça III maslahatynyň çäginde “Azerbaýjanyň milli güni” geçirildi.
Çäräniň esasy maksady, Azerbaýjanyň baý medeni we ruhy mirasyny halkara jemgyýetçiligine hödürlemekdir.
Milli günüň dowamynda agşam Azerbaýjan sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ajaýyp konsert programmasy geçirildi.
Halk artistleri Alim Gasimow, Gülýanag Mammadowa, Hormatly artistler Fargana Gasimowa, Ramil Gasimow, Nargiz Karimowa, Sahib Paşazade, şeýle hem Aşig Samira we Aşig Ali, "Natig" ritm topary we Azerbaýjanyň Döwlet Tans Ansambly bir-birinden gyzykly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň ýüreklerini gazandylar.
Konsert programmasy uly gyzyklanma döredip, el çarpyşmalar bilen garşylandy.