SOCAR-yň prezidenti Röwşen Najaf Türkmenistanda çärelere gatnaşdy
Azerbaýjan Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşen Najafyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň Döwlet ministri, “Türkmengaz” Döwlet Konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň çakylygy bilen 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-17-ne Türkmenistanda saparda boldy.
Saparyň çarçuwasynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-na Azerbaýjan wekiliýeti Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistan - Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” temasy boýunça ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Çäräniň dowamynda gaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri, energiýa howpsuzlygy we durnukly energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar alnyp baryldy.
Saparyň ertesi güni, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-ne R. Najafyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TÜrkmenistanyň Mari welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.
Çärelere Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow hem gatnaşdy.