“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 08 may 2025

Ministr Jeýhun Baýramowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada metbugat maglumatlary

2025-nji ýylyň maý aýynyň 8-ne Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

 

Ministrler iki ýurduň arasyndaky häzirki gün tertibinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki halkyň arasynda gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda mundan beýläk-de ösjekdigine ynam bildirdiler.

 

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde döwlet baştutanlary derejesinde syýasy dialoglaryň, özara saparlara gidip-gelmeleriň, şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýeti bellenildi.

 

Ministrler sebit howpsuzlygy, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk, şeýle hem Hazar deňzi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, özära gyzyklanma döreden beýleki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleler barada pikir alyşyldy.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty