“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 15 may 2026

Milli Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa Buharada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyagözel Gulmanowa bilen duşuşdy

Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen Ikinji Aziýa Zenanlar Forumyna gatnaşan Sahiba Gafarowa şol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyagözel Gulmanowa bilen duşuşyk geçirdi.

 

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Taraplar döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejeli syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdylar.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda Ikinji Aziýa Zenanlar Forumynyň ähmiýeti barada gürrüň edilip, onuň zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşa gatnaşygyny artdyrmakda hem-de dürli ýurtlaryň zenan parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy. Sahiba Gafarowa Forumyň zenanlaryň karar kabul etmek prosesindäki ornuny güýçlendirmäge, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit agzybirligini berkitmäge goşant goşýandygyny aýtdy.

 

Parlamentara gatnaşyklar barada çykyş eden Sahiba Gafarowa bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Iki ýurduň parlamentlerinde dostluk toparlary hereket edýär we parlamentler halkara parlament guramalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

 

Dünyagözəl Gulmanowa hem ýurtlarymyzyň we parlamentlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, özara saparlaryň we ýakyn gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşmagyna goşant goşýandygyny nygtady.

Duşuşykda halkara we sebit platformalaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, parlamentara gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri hem-de özara gyzyklanma döredýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty