Azerbaýjan we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi
Azerbaýjan Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynda (AKAK) Türkmenistanyň Milli Kärdeşler Arkalaşyklary Merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Konfederasiýanyň başlygy Sahib Mämmedow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini nygtady. Bu bolsa, iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da giňeldi, özara saparlar amala aşyryldy, pikir we tejribe alyş-çalşygy geçirildi.
Duşuşykda AKAK tarapyndan zähmet hukuklarynyň ygtybarly goralmagy, agzalara hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy we innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler, ýollanmalar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de şypahana-kurort hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu başlangyçlaryň kärdeşler arkalaşyklary ulgamynda netijeliligi ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Milli Kärdeşler Arkalaşyklary Merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa öz ýurdunyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi, zähmet hukuklaryny goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Kärdeşler Arkalaşyklary Merkeziniň arasynda Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Resminama iki guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň institusional esasda ösdürilmegini, bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň goldanylmagyny, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.
Saparyň çarçuwasynda Türkmenistanyň wekiliýeti AKAK-iň “Kurort” Syýahatçylyk Maglumat Merkeziniň, Zähmeti Goramak we Hukuk Kömegi Merkeziniň işi bilen tanyşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Kärdeşler Arkalaşyklary Merkeziniň wekilleri “Güneşli” we “Abşeron” sagaldyş merkezlerinde, şeýle-de “Miras” dynç alyş merkezinde bolup, bu ýerlerde hödürlenýän hyzmatlar, bejeriş-profilaktika çäreleri, infrastruktura we dynç alyş mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar.