Azerbaýjanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Şuşadaky Yukary Göwher Aga metjidine zyýarat etdiler
Iýul aýynyň 17-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew we Türkmenistan Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şuşadaky Yukary Göwher Aga metjidine baryp gördüler.
Gurbanguly Berdimuhamedowa ozal basyp alan bütin ýerlerimizde bolşy ýaly, Şuşada-da taryhy ýadygärlikleriň, şol sanda metjitleriň ýok edilendigi barada maglumat berildi. Şäheriň 17 metjidiniň 16-sy basyp alyjylar tarapyndan ýok edildi. Şuşa basyp alyşdan azat edilenden soň, Azerbaýjanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen derrew metjitleri dikeltmek boýunça işler başlandy. Ermeni wagşylygyna sezewar bolan taryhy-dini ýadygärlikleriň biri Yukary Göwher Aga metjididir. Geýdar Alyýew Gaznasy tarapyndan Bu ýerde geçirilen dikeldiş işleri 2021-nji ýylyň ahyrynda başlandy. 2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Prezident Ylham Alyýew, Birinji hanym Mehriban Alyýewanyň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda düýpli abatlaýyş we dikeldiş işlerinden soň metjit açyldy.
Yukary Göwher Aga metjidi ýurt ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriň sanawyndadyr.