“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 28 aprel 2026

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde çykyş etdi

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 28-ne Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde ýurduň daşary syýasyty bilen bagly brifing geçirildi.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen ilçiler, halkara guramalarynyň wekilleri, işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

 

Çärede Raşid Meredow Türkmenistanyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Daşary Syýasat Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan halkara işleriniň esasy ugurlary barada maglumat berdi.

 

Brifingde birnäçe daşary ýurtlaryň ilçileri we halkara guramalarynyň wekilleri hem çykyş etdiler.

 

Çärede çykyş eden ilçi Gismet Gozalow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçip, hususanam hemişelik bitaraplyk ugrunyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem, ilçi Türkmenistanyň halkara giňişliginde oňyn we konstruktiw ornuny, şeýle-de 2026-njy ýylyň başyndan durmuşa geçirilen saparlar we duşuşyklar arkaly ýurduň işjeňliginiň artandygyny belledi.

 

Mundan başga-da, Gismat Gozalow çykyşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn üns çekdi. Iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň doganlyk, özara hormat we strategik hyzmatdaşlyk esasynda berkidilendigini, şeýle-de ýurt ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň netijesinde bu gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigini nygtady.

 

 

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty