Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça Ýokary derejeli iş toparynyň ýygnagy geçirildi
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-17-ne Aşgabat şäherinde Hazar deňzi meseleleri boýunça Ýokary Derejeli Iş Toparynyň (ÝDIT) 11-nji maslahaty geçirildi.
Maslahatda Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy - S. Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy - K. Garib Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy - Z. Amanjolowa), Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy - N. Udowiçenko) we Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow) wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň açylyş dabarasyna Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow gatnaşdy.
Maslahata Türkmenistan wekiliýetiniň başlygy M.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar Hazaryň deňzine göni çykyş liniýalarynyň usulyýetini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler. Maslahatyň dowamynda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga umumy syn geçirilip, bäş taraplaýyn özara gatnaşyk we dürli derejedäki çärelere taýýarlyk meselesi nazarda tutuldy.
Wekiller duşuşygyň ýokary derejeli guralandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdiler.
(ÝDIT)-iň indiki maslahaty Azerbaýjan Respublikasynda diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljak senelerde geçiriler.