Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerine baha berildi
Ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwerlik ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň egindeş başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Duşuşykda Azerbaýjan-Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerine baha berildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmenistan bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri bellenildi. Şol bir wagtyň özünde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine üns berildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ileri tutulýan ugurlaryny, energetika, ulag-üstaşyr, logistika we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.