Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň gyzy Oguljahan Atabaýewa Milli Haly Muzeýine baryp gördi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew Gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iýul aýynyň 16-na Azerbaýjanyň Milli Haly Muzeýi bilen tanyş boldylar.
Muzeýiň müdiri Emine Malikowa myhmana halkymyzyň gadymy haly dokamak sungaty, onuň taryhy, däp-dessurlary barada maglumat berdi.
Azerbaýjan halyçylyk sungatynyň esasy çeperçilik ugurlaryny görkezýän muzeý kolleksiýasynda ulanylýan materiallaryň, dokma usullaryny, halylaryň ajaýyp we çuňňur çeper aýratynlyklarynyň sazlaşygyny görkezýändigi bellendi.
Muzeýiň kolleksiýasynyň "altyn gaznasy" Azerbaýjanyň 7 sebitiniň - Guba, Baku, Şirwan, Ganja, Gazak, Karabah we Tabriziň üýşülen we üýşülmedik haly nusgalaryndan ybaratdygy aýdyldy. Mundan başga-da, sergide beýleki bezeg we amaly sungatyň nusgalary hem görkezildi. Halylar halkyň durmuşyny we ýaşaýyşyny görkzeýän, adam, haýwan, guş, ösümlik nagyşlary bilen bezelen baý sungat eserleridir.
Azerbaýjanyň birinji hanymy, Geýdar Aliýew Gaznasynyň Prezidenti Mehriban Alyýewanyň uly tagallalary netijesinde milli halyçylyk sungaty 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl Medeni Miras Sanawyna girizilendigi barada maglumat berildi.
Şeýle hem, myhman muzeýde haly dokamak prosesina syn etdi.
Soňra, Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň gadymy kelagaýy sungaty barada maglumat berildi. Myhmana kelagaýy taýýarlamagyň usuly, onuň üsütndäki däp bolan nagyşlaryň aňlatýan manylary barada jikme-jik maglumat berildi.
Soňra, Azerbaýjanyň Milli Haly Muzeýiniň 55 ýyllygyna bagyşlanan kitap myhmana sowgat berildi.
Oguljahan Atabaýewa hem öz gezeginde Milli Haly Muzeýine ýädigärlik haly sowgat berdi.
Maddy-medeni mirasymyzdan başga-da, muzeý binasynyň asyl görnüşi, sergi zallarynyň üýtgeşik gurluşy Oguljahan Atabaýewada ýakymly täsir galdyrdy.