Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistanyň arasynda ýokary derejeli ýygnagy geçirildi
Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli ýygnak başlandy.
Ilki bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde surata düşdüler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş etdiler.
Soňra döwlet baştutanymyz maslahatda çykyş etdi.
Prezident Ylham Alyýewiň çykyşy:
Hormatly Gurbanguly Mälikguliýewiç.
Hormatly Şawkat Miromonowiç.
Ilki bilen bugünki Sammitiň Awazada ýokary derejeli guramaçylyk üçin doganym Halk Malshatynyň başlygy doganym Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan arasynda bugünki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär.
Häzirki wagtda halklarymyzyň medeni we taryhy ýakynlygyna, umumy gymmatlyklaryna we strategiki gyzyklanmalaryna esaslanyp, üç dostlukly we dogan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze bir sahypa açýarys. Bu gün, myhmansöýer türkmen topragynda bolanymda, Türkmenistan hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulewiçiň paýhasly ýolbaşçylygy bilen sosial-ykdysady ösüşde möhüm üstünlikleri gazanandyklaryny, halkara roluny we abraýyny güýçlendirendigini ýene bir gezek belläsim gelýär. Häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşine goşan goşandy, netijeli döwlet dolandyryşynyň, strategiki gözýetimiň we Watana wepalylygyň mysalydyr.
Bu ýakynlarda - geçen aý, hormatly Gurbanguly Malikguliýewiçi Azerbaýjanda kabul etmekden hoşal bolduk. Onuň sapary diýseň täsirli boldy. Biz Bakuda giňişleýin gepleşikler geçirdik, Azerbaýjanyň azat edilen ýerlerine, şol sanda Füzuli we Şuşa şäherlerine bile baryp gördük. Füzuli şäherinde metjit gurmak kararyna aýratyn minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu çyn ýürekden doganlyk goldawy, bu karar raýdaşlygyň we ruhy jebisligiň nyşany hökmünde halkymyzyň ýadynda hemişelik galar. Şol bir wagtyň özünde, Füzuli we Aradag şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýulmagy medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler açar. Bularyň hemmesi Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüş döwrüni başdan geçirýändigini görkezýär. Bu gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzy dowam etdireris.
Özbegistan Respublikasy bilen bizi 2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda gol çekilen "Bileleşik gatnaşyklar hakynda Şertnamasy" baglaýar. Özbegistan bilen doganlyk gatnaşyklarymyz birek-birege goldaw, berk medeni gatnaşyklar we umumy strategiki maksatlara esaslanýar. Özbegistanda ähli ugurlarda durmuşa geçirilen täze özgertmeleriň netijesi hökmünde ýurduň çalt depginde ösmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna we ykdysady potensialynyň artmagyna uly kanagatlanma bilen syn edýäris. Soňky ýyllarda Özbegistan birnäçe pudaklarda, şol sanda syýasy gepleşik, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlykda möhüm netijeleri gazandyk. Azerbaýjanyň azat edilen ýerlerini dikeltmäge goşan goşandy üçin Özbegistan tarapyna, husasan-da Şawkat Miromonowiçe çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Füzuli şäherinde beýik alym Mirza Ulugbeýiň adyndaky orta mekdep guruldy we Şawkat Miromonowiç bilen bilelikde açylyşyny dabarasyny geçirdik. Hankendi şäherinde Özbek tarapynyň goldawy we inisiatiwasy bilen uly tikin fabrigi işleýär. Ýakynda bilelikde bile gidip gördük. Bakunyň häzirki merkezi bolan Ak şäherde “Özbegistan” seýilgähi döredilýär. Şawkat Miromonowiç bilen bilelikde 5 gektar meýdany eýeleýän bu ajaýyp seýilgähiň düýbüni tutduk. Başga-da birnäçe umumy gyzyklanmalara esaslanýan maýa goýum, sermaýa taslamalarymyz bar.
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk we Günorta birleşdirýän möhüm geostrategiki pozisiýa eýedir. Ýurtlarymyzyň öňünde ulag-tranzit hyzmatdaşlygy pudagynda täze işler we mümkinçilikler dur. Olaryň arasynda Orta Koridor, portlaryň giňelmegi we demir ýol meselelerini biz bu gün hormatly doganym Gurbanguly Malikguliýewiç bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. Bu meseleleri soňky Şawkat Miromonowiç bilen hem soňky duşuşygymyzda maslahatlaşdyk. Täze üç ýurduň ulag, tranzit we logistika pudagyndaky bilelikdäki tagallalary diňe bir biziň ýurtlarymyz üçin däl, eýsem has giň sebit üçinem möhüm ähmiýete eýe bolar.
Meniň doganlarymyň belleýşi ýaly, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Biziň Türkmenistan bilen däp bolan energetika hyzmatdaşlygymyz bardyr. Biz Özbegistan bilen hem bu ugurda eýýäm gadam basdyk. Biziň döwlet nebit kompaniýamyz SOCAR eýýäm Özbegistanda nebit ýatagyny özleşdirip başlady we şertnama baglaşyldy. Geljek bir-iki ýylda bize gowy habar bererler diýip umyt edýäris. Özbegistanda uly nebit ýatagynyň tapylandygy baradaky habara biziň hemmämiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.