Şeýhülislam Allahşükür Paşazade Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Iýul aýynyň 16-na Kawkaz Musulmanlary Edarasynyň başlygy şeýhülislam Allahşükür Paşazade biziň ýurdumyza sapar ilen gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bakuda duşuşdy.
Şeýhülislam Allahşükür Paşazade myhmanyň Azerbaýjana sapar bilen gelmegine begenendigini habar berdi. Umumymilli Lider Geýdar Aliýewiň türk dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga berýän aýratyn ähmiýetini ýatladyp, bu strategiki ýoluň Prezident Ylham Alyýew tarapyndan üstünlikli dowam etdirilendigini aýtdy.
Allahşükür Paşazade, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň ösüş ýoluny saýlandygyny, döwletiň üstünliklerini hoşallyk bilen synalaýandygyny aýtdy we ýakyn wagtda Türkmenistana ýene-de sapar bilen gitmek we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy.
Dini ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçen Allahşükür Paşazade, Türkmenistanyň müftüsi bilen öňki duşuşygyny ýada saldy. Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň, şol sanda dini-ruhy ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da giňelýändigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Prezident Ylham Alyýew bilen bolan duşuşygyndan hoşaldygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dini we ruhy baglylygynyň halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny öňkiden hem pugtalandyrjakdygyny belläp, bu duşuşygyň gatnaşyklaryň has hem giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki başlangyçlaryň strategiki ähmiýeti nygtaldy, dini-ruhy hyzmatdaşlygyň bu çarçuwada möhüm ýer tutdygy we geljekde bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy şeýhülislam Allahşükür Paşazadany Türkmenistanda geçiriljek metjidiň açylyş dabarasyna çagyrdy.
Soňra taraplar sowgatlaryny gowşurdylar.
Duşuşygyň ahyrynda myhmanyň hormatyna banket geçirildi.