Ilçi Gismat Gozalow Arkadag şäherinde geçirilen YHG agza Döwletleriň Durnukly Ösüşi boýunça Ilkinji Ministrler Forumynda ýurdumyza wekilçilik etdi
Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Durnukly Ösüşi boýunça Ilkinji Ministrler Forumy geçirildi. Forumda Azerbaýjana ilçi Gismat Gozalow wekilçilik etdi. Foruma Eýranyň Wise-prezidenti - Meýilnamalaşdyrmak we Býudjet Işleri Guramasynyň başlygy, Özbegistan we Gazagystanyň premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri, Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministri, Pakistanyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministr, Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministriniň orunbasary, Türkiýäniň Prezident Dolandyryşynyň Strategiki we Býudjet Baş Bölüminiň Pudaklary we Döwlet maýa goýumlary boýunça Baş müdiri, BMG-nyň Türkmenistanda Ýaşaýan Koordinatory, YHG-niň Baş sekretary, şeýle hem YHG-niň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň esasy maksady, Durnukly Ösüş maksatnamasynyň 2030-njy ýyl üçin Gün tertibi boýunça tagallalary artdyrmak, sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi, ekologiýa, söwda, energiýa, ulag we aragatnaşyk we gender deňligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň perspektiwlerini öwrenmekden ybaratdyr.
Ilçi G.Gozalow Forumyň açylyş dabarasynda, şeýle hem Forumyň dowamynda geçirilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mejlisde çykyş etdi. Forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda ilçi Azerbaýjanyň durnukly ösüşe ygrarlydygyny aýtdy we 2030-njy ýyl üçin Gün tertibiniň esasy ýörelgeleri - ähliumumylyk, inkluziwlik, adam hukuklary we syýasat utgaşyklygy esasynda ýurt derejesinde möhüm ädimleriň ädilendigini aýtdy. Ilçi öz çykyşynda DÖM-ler boýunça 17 maksat, 101 nyşan we 144 görkezijiler boýunça milli uýgunlaşmalaryň amala aşyrandygyny, 2017–2023-nji ýyllar aralygynda 50-ä golaý milli strategiýalaryň we döwlet maksatnamalarynyň DÖM-ler bilen gabat gelendigini, esasan hem "Azerbaýjan 2030: Sosial-Ykdysady Ösüş boýunça Milli Ileri tutulýan ugurlar", “2022-2026-njy ýyllar üçin Sosial-Ykdysady Ösüş Strategiýasy", "Uly gaýdyp geliş" Döwlet Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Azerbaýjan DÖM boýunça Gepleşikler başlangyjy arkaly döwlet edaralary, BMG, hususy pudak we raýat jemgyýeti arasynda platforma döredendigini mälim etdi. Ilçi, COP29-da biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen 14 başlangyç, esasy üstünlikleriň biri hökmünde howanyň maliýeleşdirilmeginiň kesgitlenmegine ünsi çekdi we şol bir wagtyň özünde Azerbaýjanyň ýaşyl energiýa maksatnamasy we alternatiw energiýa pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalar barada gatnaşyjylara giňişleýin maglumat berdi we Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegi bilen göreşmekde, şeýle hem global daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekdäki roluna ünsi çekdi.
Forumyň dowamynda geçirilen "Howanyň Üýtgemegi we Daşky Gurşawyň Durnuklylygy" panelinde eden çykyşynda bolsa ilçi Azerbaýjanyň ýaşyl energiýa meýilnamasyny we alternatiw energiýa pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy baradaky ýagdaýyny agzap geçdi. Azerbaýjanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa mümkinçiligini we ýurdumyzda, şol sanda azat edilen sebitlerde durmuşa geçirilýän iri ýaşyl energiýa taslamalaryna agzap geçip, sebitde we dünýäde ýaşyl energiýa geçişine tarap ädilen ädimlere ünsi çekdi. G.Gozalow, şeýle hem, COP29-yň çarçuwasynda Merkezi Aziýa boýunça gazanylan şertnamalar, CAREC we SPECA çäginde durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň ähmiýeti barada maglumat berip, Türk Döwletler Guramasynyň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Azerbaýjanyň başlangyjy bilen Gazagystan we Özbegistan bilen gol çekilen gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasy we Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa arassa energiýa ibermek maksady bilen durmuşa geçiriljek ýaşyl koridor barada maglumat beren ilçi, şeýle hem COP29-yň dowamynda Hazar deňziniň daşky gurşaw we transport meseleleriniň hem üns merkezinde bolandygyny aýtdy.
Iki gün dowam eden çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Forumyň DÖM-i gazanmak üçin strategiki platforma hökmünde ähmiýetini, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň we YHG-niň agza ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, azyk, energiýa howpsuzlygy, şeýle hem gender deňligi we beýleki meseleleriň möhümdigini aýdyp, strategiki köptaraplaýyn gepleşikleriň utgaşdyrylmagy we durmuşa geçirilýän çäreleriň syýasy yzygiderligi üçin YHG-niň mümkin ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň dowamyda geçirilen panel sessiýalarynda "Howanyň Üýtgemegi we Daşky Gurşawyň Durnuklylygy", "Durnukly Maliýe, Ykdysady Ösüş we Maddy Howpsuzlyk", "Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmakda maşgala guramalarynyň we ilatyň köpelmeginiň roly” we "2026–2035: YHG Syn" temalarynda giňişleýin pikir alyşyldy.
Forumyň ahyrynda "Durnukly Ösüş boýunça ilkinji YHG Ýokary Derejeli Forumynyň Jemleýji Resminamasy" kabul edildi.