Prezident Ylham Alyýew we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Şuşada gurlan ilkinji ýaşaýyş jaý toplumyna baryp gördüler
Iýul aýynyň 17-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şuşa şäherinde gurlan ilkinji ýaşaýyş jaý toplumyna baryp gördüler.
Şuşa etrabynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili Aýdin Kerimow, döwlet baştutanyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygyna toplum barada maglumat berdi.
Ýigrimi üç binadan ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň umumy meýdany 8 gektara golaýdyr. Bu toplumyň binýady Prezident Ylham Alyýew tarapyndan 2021-nji ýylyň awgust aýynda guruldy. Ýaşaýyş toplumda jemi 450 ýaşaýyş jaýy bar: 28 bir otagly, 195 iki otagly, 190 üç otagly, 30 sany dört otagly we 7 sany bäş otaglydyr. Bu ýerde geçmişde mejbur göçüp gidenler we Şuşa şäherinde dürli döwlet edaralarynda işleýän adamlar üçin hyzmat jaýlary hem berildi. Bu ýaşaýyş toplumyna häzirki wagta çenli geçmişde mejbur göçürilen 376 maşgala, jemi 1,409 adam göçürildi. Sebitde giň abadanlaşdyryş we ýaşyllyga öwürmek işleri amala aşyryldy.