“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 11 dekabr 2025

Prezident Ylham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

Onuň Alyhezretleri Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

 

Eziz Doganym,

 

Möhüm taryh – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Sizi we dogan halkyňyzy tüýs ýürekden gutlamakdan örän hoşallyk duýýaryn.

 

Otuz ýyl mundan ozal, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusynyň ykrar edilmegi ýurduňyzyň dinamiki we durnukly ösüşine itergi beren we halkara jemgyýetçiliginde abraýyny berkiden möhüm hadysa we uly taryhy üstünlik boldy.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmuny halkyňyzyň asyrlar boýy dowam edýän ynsanperwerliginden, parahatçylyk söýüjiliginden we ruhy ahlak filosofiýasyndan gelip çykýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary global parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, ynsanperwer gymmatlyklary öňe sürmek ýaly asylly maksatlara hyzmat edýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduňyz parahatçylyk söýüjilik taglymatyny global derejede işjeň şekilde öňe sürüp, özara peýdaly hyzmatdaşlyk arkaly halkara gepleşiklerini pugtalandyrmaga goşant goşýar.

 

Azerbaýjan dogan we mähriban goňşy bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna hemişe hormat goýýar. Azerbaýjan Respublikasynyň hrm 1995-nji, hem-de 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurduňyzyň Bitaraplyk statusy bilen bagly kararlarynyň awtordaşy bolmagy tötänleýin däldir.

 

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär. Döwletara gatnaşyklarymyzyň, doganlygymyzyň pugtalanmagy babatynda husasan-da Siziň yzygiderli we tutanýerli tagallalaryňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu pursatdan peýdalanyp, Siziň bu ýylyň içinde Azerbaýjana eden iki saparyňyzy, meniň hem awgust aýynda ajaýyp Awaza saparym, Siziň bilen akýüreklilik we özara ynam ýagdaýynda geçen duşuşyklarymyz we söhbetdeşliklerimiz barada iň ýakymly ýatlamalarymy aýtmak isleýärin.

 

Azerbaýjan-Türkmenistan doganlyk baglaryny has-da berkitmek we köpugurly hyzmatdaşlygymyzy täze derejä ýetirmek ugrunda bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

  

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu baýram gününde ýene-de bir gezek Size gutlaglarymy iberýärin, berk jan saglyk, bagt, işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň dogan halkyna bolsa hemişelik parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

 

Hormatlamak bilen,

Ylham Alyýew

 

Baku şäheri, 2025-nji ýylyň “11” dekabry

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty