“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 08 noyabr 2025

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ 8 NOÝABR - ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI BEÝANATY

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-i Azerbaýjan Respublikasynda Ýeňiş Gününiň bäş ýyllygy bellendi. Azerbaýjanlylaryň ýüregine ornaşan bu ajaýyp sene diňe bir 44 günlük Watançylyk Urşunda gazanylan şanly ýeňşi baýram etmek bilen çäklenmän, eýsem milli güýjüň, tutanýerliligiň we jebisligiň ebedi nyşanydyr.

 

Bäş ýyl mundan ozal, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Ýokary Baş Serkerdebaşy, Onuň Alyhezretleri Ylham Aliýewiň tutanýerli ýolbaşçylygy we ýaragly güýçlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligi saýasynda otuz ýyla golaý dowam eden Ermenistanyň harby basybalyjylygyna soň berilip, Azerbaýjanyň territorial bütewiligi dikeldildi.

 

Garabag sebitiniň merjeni we Azerbaýjanyň medeni merkezi - Şuşa şäheriniň azat edilen 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-i şöhratly ýeňiş bilen tamamlanan Watançylyk urşy halkymyzyň taryhynda aýgytlaýjy pursat boldy. Bu ýeňiş, gaýduwsyzlygy we pidasy hemişe hormat bilen ýatlanjak we gadyrlanjak şehitlerimiziň we weteranlarymyzyň gahrymançylygy netijesinde gazanyldy.

 

Soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz öň görlüp-eşidilmedik özgeriş we galkynyş döwrüni başdan geçirýär.

 

“Beýik Gaýdyş” maksatnamasy arkaly Azerbaýjan öz sarsylmaz azatlygyny we uly göwrümli serişdelerini azat edilen territoriýalary dikeltmek boýunça ägirt uly işe gönükdirýär.

 

Bir wagtlar haraba öwürlen şäher we obalar döwrebap infrastrukturadan, akylly tehnologiýalar we ýaşyl energiýa çözgütlerinden peýdalanmak bilen täzeden gurulýar. Mejbury göçenleriň öz dogduk ýurduna howpsuz we abraýly gaýdyp gelmegini üpjün etmek biziň Ýeňşimiziň ýokary maksadynyň we many-mazmunynyň iň aýdyň beýanydyr. Şeýle giň gerimli dikeltmek işleri diňe bir ýerlerimizi täzeden dikeltmäge däl, eýsem bu territoriýalaryň ýaşaýjylary üçin durnukly geljegi gurmaga hem hyzmat edýär.

 

Azerbaýjan öz territorial bitewüligini we özygtyýarlylygyny söweş meýdanynda üpjün edenden soňra, häzirki wagtda Günorta Kawkazda durnukly parahatçylygy we sebitleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli öňe sürýär.

 

Azerbaýjan, sebitleýin durnuklylyk, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ugruna özygtyýarlylyga we territorial bitewilige özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak işinde işjeň rol oýnaýar.

 

2025-nji ýylyň awgust  aýynyň 8-ne Azerbaýjanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ermenistanyň liderleriniň arasynda Waşingtonda geçirilen Sammit taryhy ähmiýete eýedir.

 

Waşington Sammitinde döredilen oňyn depgini anyk öňegidişlige öwürmek üçin hakyky syýasy erk we konstruktiw ädimler gerek. Şu nukdaýnazardan, şeýle möhüm pursaty dogry baha bermek we parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmek üçin Ermenistan öz Konstitusiýasynda beýan edilen Azerbaýjana garşy territorial talaplaryny doly ýagdaýda aradan aýyrmaly we täze sebitleýin hakykatlara hormat goýmaly.

 

8 Noýabr – Ýeňiş güni Azerbaýjanyň güýç we tutanýerliliginiň aýdyň mysalydyr. Bu gün, ýeňiş taryhymyzy ýatlamak bilen, ösüşiň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljegine umyt bilen garaşylýan bir gündir. Halkymyzyň kynçylyklara garşy göreşde tutanýerli ruhy we uruş döwründe döreden üýtgewsiz raýdaşlygy geljekki nesiller üçin yşyk hökmünde hyzmat eder.

Bu taryhy günde şehitlerimiziň we weteranlarymyzyň batyrlygyny we pidalaryny, halkymyzyň agzybirligini hormat bilen ýatlaýarys we çuňňur hormatymyzy bildirýäris.

 

Ýeňiş Günümiz gutly bolsun!

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty