“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 04 avqust 2025

Milli Mejlisiň başlygy BMG-nyň Türkmenistanda geçirilen konferensiýasynyň çäginde geçirilen Parlamentara Foruma gatnaşdy

Awgust aýynyň 4-ne Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça III maslahatynyň çarçuwasynda Parlamentara forum öz işine başlady.

 

Ilki bilen forum açylyş dabarasy geçirildi.

 

Mejlisiň başlygy Sahiba Gafarowa “Wenadan Awaza: Çözülmedik Kynçylyklar, Öwrenilen Sapaklar we Geljek Ýol” atly forumyň birinji mejlisine başlyklyk etdi. Forumy üstünlikli guramagy bilen Türkmenistany kabul edýän ýurt hökmünde gutlady.

 

Milli Mejlisiň başlygynyň belleýşi ýaly, Forumyň maksady, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda, tranzit ýurtlarda we ösüş hyzmatdaşlarynda syýasatlaryň we maksatnamalaryň düzülmeginde we durmuşa geçirilmeginde, şeýle hem , deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda Iş Meýilnamalary boýunça borçnamalary we ileri tutulýan ugurlary ýerine ýetirmekde parlamentleriň oýnap biljek rolunyň ykrar edilmegini üpjün etmekden ybarat.

 

Parlamentleriň ygtyýarynda kanunçykaryjylyk işi, býudjet we gözegçilik funksiýalarynyň möhüm bolup käbir maksatlara ýetmek üçin ulanylýandygy belledi. Mejlisler, halkyň wekili hökmünde, ilkinji nobatda raýatlar bilen aragatnaşyk gurýarlar. Şeýle hem, Parlamentleriň hökümetler bilen raýatlaryň arasynda köpri döretmekden başga-da, raýat jemgyýeti tarapyndan öňe sürlen ähli pikirleri we teklipleri diňleýändigini we olary gün tertibine girizýändigini aýtdy.

 

Mejlisiň başlygy Sahiba Gafarowa parlamentara hyzmatdaşlygyň milli çäklerden çykyp, parlamentleriň tagallalaryny halkara derejesine çykarmagyň ähmiýetine ünsi gönükdirdi; pikirleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we tejribe edinmkeligiň Mejlisleriň alyp barýan işlerine täze garaýyşlary açjakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, bu işler parlamentleriň tagallalarynyň birleşmegine we işleriniň utgaşdyrylmagyna kömek edip biljegi bellendi. Milli mejlisiň başlygy häzirki we geljekde ediljek işleriň esasy ugurlary hökmünde milli ösüşi, sebit hyzmatdaşlygyny, halkara goldawy we hyzmatdaşlygy saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Mejlisiň başlygynyň pikirine görä, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek we hiç ýurduň yzda galmazlygy üçin aýgytlydyr.

 

Soňra Sahiba Gafarowa Azerbaýjanyň tejribesi bilen ýygnananlar bilen paýlaşdy. Ol, deňize çykyşy bolmaýan Azerbaýjanda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň saýasynda geografiki çäklendirmeleri mümkinçiliklere öwrüp biljekdigini aýtdy; Şeýle hem, Azerbaýjanyň soňky ýyllarda ulag infrastrukturasyna, şol sanda Alat Halkara Deňiz Söwda Portyna, täze awtoulag ýollarynyň we demir ýollarynyň gurluşygyna milliýardlarça dollar maýa goýandygyny aýtdy. TransHazar-Orta Koridorynda we Demirgazyk-Günorta Koridorda ýerleşýän Azerbaýjan şu güne çenli Ýewraziýanyň esasy transport we logistika merkezleriniň birine öwrüldi.

 

Milli Mejlisiň başlygy öz çykyşynda, Orta Koridoryň esasyny düzýän Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň sebitimiziň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrundaky ygrarlylygyny subut edýändigini aýtdy. Häzirki wagtda "Sanly ýüpek ýoly" taslamasy, Hazar deňziniň düýbünde ýerleşdirilen süýüm-optiki kabelleriň ulgamy sanly infrastrukturanyň we sanly howpsuzlyk tagallalarynyň ösmegine kömek eder.

 

Şeýle hem, ol häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ýene bir möhüm başlangyjy, ýagny Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda ýaşyl energiýany ösdürmek we geçiriji hyzmatdaşlygy barada aýdyp geçdi. Mejlisiň başlygy Sahiba Gafarowanyň pikirine görä, Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk düşünjesine ygrarly bolan Azerbaýjan gümrük amallaryny tertipleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we infrastrukturany ösdürmek boýunça beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşýar, şeýlelikde geografiki izolýasiýany ýeňip geçmäge we köpçülikleýin ösüşe gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Soňra ol biziň ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligini deşize çykyşy bolmaýan ýurtalr tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin has ygtybarly we amaly goldaw mehanizmlerini teklip etmäge çagyrýandygyny aýtdy.

 

Mundan başga-da, öz çykyşynda Azerbaýjanyň bu inisiatiwasynyň sebit hyzmatdaşlygyny we utgaşdyrylmagyny goldaýandygyny, deňiz çykyşy bolmaýan ýurtlar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrýandygyny we söwdany ösdürmäge hyzmat edýändigi nygtady.

 

Gepleşikler dowam etdi; beýleki çykyşlar ýerine ýetirildi.

 

Milli Mejlisiň başlygy çäräniň ýapylyşynda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijeli bolandygyny aýtdy; tejribe alyşmak we täze pikirler nukdaýnazaryndan şeýle platformalaryň ähmiýetini aýtdy. Jemleýji sessiýada foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirlerini jemlemek üçin kabul edilen gysgaça resminama, umumy maksatlara ýetmäge güýçli goldaw berer we Awaza Hereketler Maksatnamasyny[ durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

 

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty