“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 22 avqust 2025

Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy bilen ýekelikde duşuşdy

Awgust aýynyň 22-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistan Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenbaşy şäherinde ýekelikde duşuşdy.

 

Ilki bilen döwlet baştutany we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy birlikde surata düşdüler.

 

Türkmenistan Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: Eziz dostum, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti. Sizi bu gün  ýurdumyzda görenime örän şat. Bizi Hazar deňzi birleşýär. Ikitaraplaýyn duşuşygymyzyň netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Ikitaraplaýyn duşuşykdan başga-da, Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Siziň hem belläp geçişiňiz ýaly, biz - bir sebitde ýerleşýän üç ýurduň dogan halklary bolup geljekde has uly hyzmatdaşlyklara, şol sanda medeniýet pudagynda mümkinçilikleri dörederis.

 

Öz adymdan, Prezidentiň we bütin Türkmenistan halkynyň adyndan Siziň saparyňyz biziň üçin baýramçylykdyr, hoş habardygyny ýene bir gezek belläsim gelýär. Size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

 

Hoş geldiňiz.

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew çykyş etdi we şeýle diýdi: "Köp sag boluň, hormatly Gurbanguly Mälikguliýewiç.

 

Gadyrly doganym, ilki bilen, çakylygyňyz we myhmansöýerligiňiz üçin minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu ýerde,biz Siziň bilen bu ýerde, gözel Awaza şäherinde duşuşýandygymyza örän şat. Bu şäher Siziň işiňizdir. Siz dogan Türkmenistanda köp işler etdiňiz, olaryň biri hem Awazadyr.

 

Geçen aý Siziň bilen Bakuda, Füzulide, Şuşada duşuşyklarymyzy uly memnunlyk bilen ýatlaýaryn. Biziň aramyzdaky dostluk, doganlyk gatnaşyklary halklarymyzyň isleglerinden alyp gaýdýar. Halklarymyz dogandyr, dostdyr, asyrlar boýy biri-birine ýakyn bolupdyrlar.

 

Şol bir wagtyň özünde, bu gün Siziň başlangyjyňyz bilen Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan liderleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçiriler. Men muňa ýokary baha berýärin, bu gaty gowy başlangyçdyr. Biziň halklarymyzy umumy taryhmyz, medeniýetimiz, dilimiz, dinimiz birleşdirýär. Dogan ýurtlaryň meselelerini üç taraplaýyn görnüşde ara alyp maslahatlaşmak möhüm ähmiýete eýedir, munuň gaty uly peýdalary we gowy netijeleri bolar.

 

Eziz doganym, Size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty