“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 26 sentyabr 2025

Ylham Alyýew Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

 Onuň Alyhezretleri

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç,

 

Türkmenistanyň milli baýramy - Garaşsyzlyk güni bilen Sizi we ähli halkyňyzy öz adymdan we Azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Azerbaýjan bilen Türkmenistan däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşyçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň umumy köke we milli-ruhy gymmatlyklarymyz bilen bir-birine ýakyn bagly dogan halklarymyzyň isleglerine görä ösmegini we pugtalanmagyny dowam etjekdigine ynanýaryn.

 

Bu baýram gününde Size berk jan saglyk, bagt, işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň dogan halky üçin hemişe parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

 

Hormatlamak bilen,

 

Ylham Alyýew

 

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

 

Baku şäheri, 2025-nji ýylyň senýtabr aýynyň 24-i

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty