Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy bilen giň görnüşdäki duşuşygy başlandy
Azerbaýjanyň Prezidenti we delegasiýa agzalary bilen salamlaşyp Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi:
-Ýurdumyza gelmek çakylygyny kabul edeniňiz üçin Size minnetdar. Bu ýylyň iýul aýynda Azerbaýjana eden saparymyň çarçuwasynda görkezen myhmansöýerligiňiz üçin minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Men Azerbaýjanyň gözel, ajaýyp ýerlerine baryp gördüm. Saparyň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar öz başlangyjyny taryhyň çuňlugyndan gözbaşyny alyp gaýdýar, däp-dessurlarymyz meňzeýär we bular bizi birleşdirýän faktorlardyr. Syýasy, diplomatik, ykdysady-söwda, medeni-gumanitar gatnaşyklarymyzy bu esaslarda ösdürýäris. Biz bu meseleleri ýygnakda hem ara alyp maslahatlaşarys.
Bu günki gepleşiklerimiz gatnaşyklarymyza itergi berýär. Bu duşuşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine seredýäris. Gatnaşyklarymyz hyzmatdaşlygyň ýokary derejelerine ýetýär, olaryň ösüşine uly itergi berilýär. Gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläsim gelýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan-Azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen täze başlangyçlary hödürläris.
Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ösüşi gatnaşyklarymyzyň gün tertibinde duran möhüm ugur bolup durýar. Bu ugurda eýýäm uly işler edildi. Bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we energiýa, ulag we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiliklerimiz bar.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry medeni- gumanitar gatnaşyklardyr. Olaryň ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi özara Medeniýet Günleriniň geçirilmegi, bilim, medeniýet, syýahatçylyk, medeni gymmatlyklarymyzy - haly dokamak, atçylyk, amaly sungaty ösdürmek ugurlarynda çäreleriň geçirilmegidir. Bu ugurda medeni alyş-çalyş we gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uly salamlaryny Size ýetirýärin. Sizi Türkmenistanda görenime şat. Biz gepleşigimizi BMG-nyň dilleriniň biri arkaly dowam etdireris.
Sözi Size berýärin.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew öz çykyşynda şeýle diýdi:
-Sag boluň, hormatly Gurbanguly Malikguliýewiç.
Eziz doganym, çakylyk we myhmansöýerlik üçin Size ýene-de bir gezek sag bolsun aýdasym gelýär, dogan türkmen halkyna tüýs ýürekden salamlarymy we söýgimi ýetirmek isleýärin. Türkmenistanyň topragynda täzeden bolanyma örän şat.
Biz Siziň bilen geçen aý Azerbaýjanda duşuşdyk. Ol saparyň örän uly taryhy manysy bar. Hem Bakuda, hem azat edilen Garabagyň topraklarynda biziň duşuşyklarymyz Azerbaýjan halkyny diýseň begendirdi. Siziň bize beren goldawyňyz biziň üçin örän möhümdir, örän gymmatlydyr. Biz Siziň bilen bolan söhbetdeşliklerimizde elmydama taryhy köklerimize hem seredýärdik. Bizi birleşdirýän umumy taryhymyz, medeniýetimiz, etnik köklerimiz, dilimiz we dinimizdir. Türkmen we Azerbaýjan halklary sözüň asyl manysynda dogandyrlar we asyrlar boýy bu doganlyk duýgulary bilen ýaşap gelýärler. Bugün garaşsyz döwletler hökmünde uly üstünlikler gazanýarlar. Men Awazanyň ösüşi Siziň adyňyz bilen baglydygyny, Siziň işiňizdigini bildirmek isleýärin. Bu döwrebap, owadan şäher, aslynda Türkmenistanda bolup geçýän giň gerimli ösüşi görkezýär. Men bu ýerde üç ýyl mundan ozal Siziň çakylygyňyz bilen geldim we howa menzilinden şähere baranymda, has uly ösüşleriň bardygyny gördüm. Bularyň hemmesi Siziň işleriňiziň netijesidir.
Belläp geçişiňiz ýaly, biz köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Men Siziň agan ähli ugurlaryňyzda - energiýa, ulag, logistika, tranzit, sanlylaşdyrma, medeni gatnaşyklar boýunça gaty gowy perspektiwalaryň bardygyna ynanýaryn. Siziň saparyňyzdan soň Hökümetler arasyndaky Komissiýasynyň mejlisi geçirildi. Ol ýerde köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, ajaýyp netijeler gazanyldy we biz birnäçe meseläni-de bu gün ara alyp maslahatlaşarys.
Şol bir wagtyň özünde, ulag mümkinçiliklerine seredenimizde, indi täze bir potensial bar - Gündogar-Günbatar ulag geçelgesi Türkmenistan we Azerbaýjanyň çäklerinden geçýär. Elbetde, biziň bu ugurdaky bilelikdäki işlerimiz, utgaşdyrmaga gönükdirilen ädimler giň geografiýa peýdaly bolar. Çünki bu gün Ýewropany Uzak Gündogar bilen birleşdirýän ygtybarly ulag baglanyşygy biziň ýurtlarymyzyň çäginden geçýär. Türkmenistanda döwrebap deňiz porty, howa menzilleri, demir ýollary boýunça köp işler edilendigini bilýärin. Bularyň hemmesi, Türkmenistanda döredilen iň döwrebap infrastruktura Siziň ýolbaşçylygyňyzda durmuşa geçirilen taslamardyr. Şeýle infrastruktura Azerbaýjanda hem döredildi. Şonuň üçin bu ugurdaky tagallalarymyzy birleşdirmekde örän uly peýdasy bar.
Elbetde, biziň ýygy-ýygy duşuşyklarymyz tutuş sebite we dünýä örän wajyp habar berýändigine ynanýaryn. Türkmenistan we Azerbaýjan-dogan döwletler, dogan halklar, hemişe biri-biriniň ýanynda durýarlar.
Ýene-de bir gezek myhmansöýerligiňiz üçin minnetdarlygymy aýdýaryn.
Prezident Ylham Alyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamlary üçin minnetdarlyk bildirdi, onuň hem salamlaryny Türkmenistanyň Prezidentine ýetirmegini haýyş etdi.
Duşuşykda syýasy gatnaşyklarymyzyň häzirki ýagdaýyndan kanagatlanma bildirildi, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halkara guramalarynyň arasynda hemişe birek-biregi goldaýandyklary, global we sebit meseleleri boýunça pozisiýalarynyň gabat gelýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" atly kabul edilen rezolýusiýasyna Azerbaýjanyň bilelikde awtorlyk edenligi Türkmenistana edýän goldawy we dostlugyň mysaly hökmünde baha berildi.
Döwlet baştutany awgust aýynda Türkmenistanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça konferensiýasynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlady, bu çärä Azerbaýjanyň ýokary derejeli wekiliýeti tarapyndan wekilçilik edilendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy we gazanylan netijeler mynasybetli döwlet baştutanyny gutlady.
Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildiren Prezident Ylham Alyýew, Gündogar-Günbatar ýolunda Azerbaýjanyň esasy bölegi bilen onuň Nahçiwan sebiti Ermenistanyň çäginden geçmek bilen birleşdirýän täze ulag koridorynyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini hasam artdyrjakdygyny we tutuş sebitiň ösüşine goşant goşjakdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamyndaAzerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan ugrundaky hem transport koridorynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu gün geçiriljek Azerbaýjan-Türkmenistan-Özbegistan formatynda üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti nygtaldy, bu çäräniň üç dogan ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň ösmegine goşmaça itergi berjekdigine umyt bildirildi.
Duşuşykda, şeýle hem Türkmenistanyň “Akhalteke” we Azerbaýjanyň Garabag atlarynyň halkara festiwallaryna bilelikde gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.