Ilçi Gismat Gozalow Bütindünýä Türki Dilleriniň Maşgala Gününe bagyşlanan çärede çykyş etdi
ÝUNESKO tarapyndan dekabr aýynyň 15-i "Bütindünýä Türki Dilleriniň Maşgala Güni" diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Aşgabatda çäre geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow we Türki Döwletleri Guramasynyň agza ýurtlarynyň Türkmenistandaky ilçileri çykyş etdiler.
Çykyşlarda türk dilini goramak we ösdürmek üçin görülýän çäreler, şeýle hem TDG-niň çarçuwasynda Türki Döwletleriň arasyndaky medeni, ylmy we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek üçin durmuşa geçirilýän taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, umumy medeni mirasy gorap saklamagyň we türki dünýäsiniň jebisligini we umumy gymmatlyklaryny geljekki nesillere ýetirmegiň möhümdigi hem nygtaldy.
Ilçi Gismat Gozalow öz çykyşynda 2025-nji ýylda Özbegistanda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş Maslahatynda dekabr aýynyň 15-ne Bütindünýä Türki Dilleri Maşgala Güni diýlip yglan edilendigini ýatladyp, Türki Döwletleriň arasynda umumy dil we elipbiý meselesiniň möhümdigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, Birinji Türkologik Gurlutaýyň 100 ýyllyk ýubileýiň bellenilmegi bilen bagly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan degişli Permana gol çekilendigini belledi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-7-ne Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleri Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň 12-nji Sammitiniň Jarnamasynda Birinji Türkologik Kongresiň 100 ýyllyk ýubileýiniň bellenilmegi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň çagyryşynyň öz beýanyny tapmagy biziň umumy taryhy we etniki köklerimiziň, dillerimiziň bizi bir maşgala hökmünde birleşdirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şu nukdaýnazardan, 1926-njy ýylda Bakuda geçirilen Birinji Türkologik Gurlutaýyň türki dünýäsiniň ylmy, medeni we milli oýanyş taryhyndaky möhüm ornuny aýratyn nygtamak gerek.
Ilçi 1926-njy ýylda Bakuda geçirilen Birinji Türkologik Gurlutaý umumy baý geçmişi we gadymy mirasy bolan türki halklaryň medeni taýdan integrasiýasynda möhüm tapgyr bolan taryhy waka bolandygyny aýtdy. Bu halkara ylmy forumyň çäklerinde türkologiýanyň aktual meseleleri giňden we yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türki dünýäsiniň diliniň, taryhynyň, etnografiýasynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň geljegi bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi. Hususan-da, latyn ýazuwyna esaslanýan ýeke-täk türki elipbiýine geçmek meselesi üns merkezinde saklandy.
Ilçi şu ýyl Türki Döwletleriniň Guramasynyň çäklerinde Birinji Türkologik Gurlytaýyň 100 ýyllygynyň dabaraly bellenilmeginiň taryhy ýadygärligi saklamak we umumy gymmatlyklary berkitmek babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. 2025-nji ýylyň iýun aýynda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidiumy Gurlutaýyň 100 ýyllyk ýubileýini bellemek barada karar kabul etdi we 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Bakuda AMYA we Türk Dilleri Assosiasiýasynyň bilelikde gurnamagynda ylmy maslahat geçirildi.
Gismat Gozalow Türkologik Gurlutaýyň taryhyna göz aýlap, Türkmenistanyň hem 1976-njy ýylyň aprel aýynyň 28-ne Birinji Türkologik Gurlutaýyň 50 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan "Türkmen Filologiýasynyň Aktual meseleleri" temasynda ýaş filologlaryň Ikinji Respublikan Maslahatynyň geçirilendigini belledi.
Şeýle hem, çäräde TDG agza ýurtlarynyň medeniýetini şöhlelendirýän wideolar görkezildi we aýdym-sazlar ýaňlandy.