“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 09 dekabr 2025

Geýdar Aliýew Gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Türkmenistanyň milli tagamlaryna bagyşlanan sergä gatnaşdy

Geýdar Aliýew Gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Türkmenistana saparynyň çäginde dekabr aýynyň 9-na Türkmebaşy şäherinde “Galkynyş” Milli Atçylyk Oýunlary Toparynyň tanyşdyrylyşyna tomaşa etdi we Türkmenistanyň milli tagamlaryna bagyşlanan sergä gatnaşdy.

 

Türmenistanyň gadymy atçylyk däplerini, milli medeniýetini we folkloryny gorap saklaýan “Galkynyş” Milli Atçylyk Oýunlary Topary öz çykyşynyň dowamynda myhmanlara baý medeni mirasyny görkezdi.

 

Çykyşdan soň, Geýdar Aliýew Gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Türkmenistanyň milli tagamlaryna bagyşlanan sergi bilen tanyşdy.

 

Myhmanlara Türkmenistanyň tagamlarynyň däpleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çäre aýdym-sazly çykyşlar we tans toparlary bilen utgaşdy.

 

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty