Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan
Onuň Alyhezreti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
jenap I.G.Aliýew
Hormatly Ilham Geýdar ogly!
Gadyrly doganym!
Sizi we Siziň üstüňiz bilen Azerbaýjanyň ähli halkyny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Ýedinji Konsultatiw duşuşygynda «Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy baradaky» çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs yürekden mähirli gutlaýaryn!
Elbetde, bu waka taryhy ähmiýete eýedir. Munuň özi Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň bir bitewi geosyýasy hem-de geoykdysady ginişlige öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Şeýlelik bilen, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk esasynda kuwwatly birleşiginiň döredilýändiginiň, özleriniň taryhy ykbalynyň aýrylmazdygyna we bölünmezdigine dogry düşünilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Men kabul edilen bu çözgüdiň doly kanuna laýyk bolup durýandygyna berk ynanýaryn. Bu çözgüt Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň taryhy ösüşinde zerur islegleri we hakyky bähbitleri aýdyň görkezýär.
Köp asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyzy geografiýa taýdan goňşy ýerleşmegi, umumy medeni kökler, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirip gelýär. Şeýlelik bilen, özara gatnaşyklaryň özboluşly gurluşy döredildi, häzirki garaşsyzlyk döwründe ol şu günki we geljekki işleri ösdürmekde - syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we ynsanperwer ugurlarda kuwwatly şert bolup durýar.
Hut Merkezi Aziýa we Azerbaýjan kontinentara köpugurly özara gatnaşyklarda esasy halka bolmalydyr. Şeýle baglanyşygy döretmezden, häzirki zamanyň sazlaşykly, üstünlikli we durnukly ykdysady gurluşyny göz oňüne getirip bolmaýar. Siziň ýurduňyzyň bu ägirt uly maksatlary amala aşyrmaga gatnaşmagy indi goşmaça berk syýasy-hukuk binýat bilen berkidildi.
Gadyrly doganym!
Konsultatiw duşuşyk oňa ähli gatnaşyjylar üçin parahatçylygy, ynanyşmagy, ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde zerur bolan örän möhüm esas hökmünde çykyş edýär. Men syýasy hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşiniň döredilmeginiň gözbaşynda Türkmenistanyň durandygyna buýsanýaryn. Konsultatiw duşuşygy döretmek barada biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy mundan ön bäş ýyldan hem öň Özbegistanda yglan edildi we doly goldaw tapdy.
Gazagystanda geçirilen ilkinji resmi Konsultatiw duşuşyk bu ugurda nobatdaky ädim boldy. Bu duşuşykda köptaraplaýyn dialogyň esaslary goýuldy hem-de uzakmöhletleýin maksatlary we mümkinçilikleri kesgitlendi.
Soňky duşuşyklar ylalaşylan meýilnama boýunça Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda geçirildi. Bu duşuşyklarda ynanyşykly hem-de aç-açanlyk ýagdaýynda içerkisebit hyzmatdaşlygynyň hem-de halkara gün tertibiniň örän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, düýpli çözgütler we ylalaşyklar gazanyldy. Wagt şeýle duşuşygyň döredilmeginiň dogrudygyny, zerurdygyny hem-de netijelidigini, onuň halklaryň we ähli gatnaşyjy döwletleriň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly Nyşanynyň döredilmegi özara düşünişmegi ösdürmekde, Konsultatiw duşuşyklaryň möhümdigine hem-de ähmiýetlidigine düşünmekde täze tapgyra öwrüldi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Hormatly Nyşanyň ilkinji eýesi boldy.
Hormatly Ilham Geýdar ogly!
Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk osüp barýan ýurtlar üçin Üçünji maslahatynyň çäklerinde biziň döwletimiziň teklibi boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdan daşary Konsultatiw duşuşygynyň guralmagy meniň üçin aýratyn buýsanç we hormat duýgusyny döredýär. Şu duşuşykda biziň ýurdumyz Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde Konsultatiw duşuşyklaryň işine goşulmagy baradaky teklibi öňe sürdi. Onuň bu duşuşyklara möhüm gatnaşyjy bolmagynyň doganlyk halklaryň maşgalasy bilen baglanyşygyny has-da berkitjekdigini we hemmetaraplaýyn goşulyşjakdygyny belledi. Bu başlangyjyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Daşkentde bolup geçen duşuşygynda doly goldanandygyny öran uly buysanç bilen belläp geçýärin. Munuň özi bilelikdäki gülläp ösüşe tarap biziň öňe hereket etmegimiz üçin ýokary derejede ähmiýetli we geljegi uly bolan şerte öwrüldi.
Men Azerbaýjanyň Konsultatiw duşuşyklara goşulmagynyň Siziň ýurduňyzyň syýasy abraýyny, ägirt uly serişde, senagat, tehnologik mümkinçiliklerini, medeni we ynsanperwer ulgamlarda gazanan sepgitlerini göz öňünde tutmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagynyň kesgitleýji şertine öwrüljekdigine ynanýaryn. Onuň häzirki sebit we halkara osüşine işjeň gatnaşmagyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ählumumy giňişlikde jögapkärli, ysnyşykly hereket edýän, dünýä ulgamynda öz mynasyp ornuna düşünýän hem-de öňde goýlan maksatlara bilelikde ýetmäge taýýar hyzmatdaşlar hökmünde ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga itergi berer diýip pikir edýärin.
Hormatly Ilham Geýdar ogly!
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek Sekizinji Konsultatiw duşuşygynda Size gadyrly dogan we dost hökmünde garaşýarys.
Meniň iň mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi ýene-de bir gezek haýyş edýärin!
Size berk jan saglygyny, uzak ömür, döwlet we halkara işleriňizde üstünkleri, doganlyk Azerbaýjanyň halkyna bolsa-parahatçylygy, bagtyýarlygy, abadançylygy we gülläp ösüşi arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormatly Nyşanynyň eýesi Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW