“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 07 oktyabr 2025

Türkmenistan tarapyndan Füzulide guruljak metjidiň onlaýn ýagdaýda düýbi tutuldy (Wideo)

Oktýabr aýynyň 7-de Gabalada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji Sammitine gatnaşýan beýleki döwlet we hökümet ýolbaşçylary Füzulide guruljak metjidiň onlaýn görnüşinde düýbüni tutdylar.

 

Türkmenistan tarapyndan Füzulide guruljak metjit toplumynyň umumy meýdany 1 gektardan köp bolar. Metjidiň binasynda her biri 40 metr bolmak bilen 2 minara gurlar. Esasy gümmeziň beýikligi bolsa 30 metr bolar. Bu ýerde, şol bir wagtyň özünde 500 adam ybadat edip biler.

 

Garabagy we Gündogar Zangezury dikeltmek ugrundak Azerbaýjan döwletiniň alyp barýan işlerine TDG agza we synçy ýurtlar hem öz goşant goşýandyklaryny bellemelidiris. Şeýlelik bilen, Türkmenistan tarapyndan Füzulide metjidiň gurluşygy bilen birlikde, Özbegistan tarapyndan Mirza Ulugbek adyndaky mekdebiň, Gazagystan tarapyndan Kurmangazy adyndaky Çagalar Döredijilik Merkeziniň, Agdamda Gyrgyzystan tarapyndan Manas adyndaky mekdebiniň gurulmagy, Wengriýa tarapyndan Jebraýilda mekdep binasynyň gurulmagy, Türkiýe kompaniýalarynyň köp sanly tunel, köpri we ýollaryň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

WIDEO

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty