Awazada Hazar kenarýaka döwletleriniň hökümet işgärleriniň derejesinde ýygnak geçirildi
BMG-nyň Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynaň çäginde Hazaryň kenarýaka döwletleriniň hökümet işgärleriniň ýygnagy geçirildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ministrler Kabineti ýygnakda Hazar deňziniň ýalpaklaşma täsirlerini azaltmak boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny belledi.
Ýygnkda çykyş eden Wise-premýeriň Şahin Mustafaýew mejlisde çykyş edip, Hazaryň kenarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belläp, munuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döredýändigini aýtdy.
Wise-premýer şu ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen III Hazar Ykdysady Forumynyň söwda we özara maýa goýum mukdaryny giňeltmek, energiýa we transport-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdigini belledi.
Çykyşynda daşky gurşawyň kynçylyklary barada durup geçen Şahin Mustafaýew, suwuň ýalpaklaşmagynyň tutuş sebitde alada döredýändigini, bu meseläniň 2022-nji ýyldaky Aşgabat Sammitinde Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan gozgalandygyny we Bakuda bäştaraply ekspertler toparynyň ilkinji ýygnagyny guramak üçin taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, çärede Hazar deňziniň ekosistemasynda bolup geçýän üýtgeşmeleriň sosial-ykdysady we ekologiki taraplary barada giňişleýin pikir alyşdy. Suw derejesiniň üýtgemeginiň kenarýaka sebitlerindäki ýaşaýyş şertlerine we sebitleýin ösüş proseslerine edip biljek täsirlerine üns merkezinde boldy.
Wise-premýer Şahin Mustafaýew deňiz derejesiniň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin ylmy we gözleg hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, balykçylyk, gämi gatnawy we biodürlüligi goramak ugurlarynda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzinde bolup geçýän üýtgeşmeleri öwrenmäge umumy ülňüleri we çemeleşmeleri döretmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn özara täsir mehanizmini işe girizmek başlangyjy öňe sürüldi.