Azerbaýjan 2025 Formula 1 Gran Pri üçin wiza proseduralaryny ýeňilleşdirdi
2025-nji ýylda Baku şäherinde geçiriljek Formula 1 ýaryşy bilen baglanyşykly Azerbaýjan Respublikasyna gelýän daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 25-den sentýabr aýynyň 30-na çenli Azerbaýjan Respublikasynyň halkara howa menzillerinde wiza almak mümkinçiligi döredilýär.
Wiza almak üçin aşakdaky resminamalaryň biri esasy hasap edilýär:
1. Formula 1 ýaryşlarynyň halkara guramaçylary bolan “Formula One Management Limited” kompaniýasynyň we Halkara Awtoulag Federasiýasynyň degişli düzgünlerine laýyklykda akkreditasiýadan geçilendigini tassyklaýan akkreditasiýa karty ýa-da beýleki tassyklaýjy resminama;
2. Baku Şäher Halkasy Operasiýa Kompaniýasynyň akkreditasiýasyndan geçilendigini tassyklaýan akkreditasiýa karty;
3. 2025-nji ýylda Baku şäherinde geçiriljek Formula 1 ýaryşyna bilet, şol sanda elektron bilet ýa-da bileti satyn alandygyny tassyklaýan resminama.