Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy maslahatlamalar geçirildi
2026-njy ýylyň fewral aýynyň 27-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary Işler Ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň Daşary Işler Ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.
Duşuşygyň dowamnda iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin syýasy gepleşikleriň depginli ösüşi kanagatlanma bilen bellenilip, ýokary derejeli saparlaryň we gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl ýurdumyzyň Prezidentiniň Türkmenistana, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguli Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparlary we gazanylan netijeler kanagatlanma bilen ýatlanyldy.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häsiýetine laýyklykda, söwda-ykdysadyýet, energiýa, ulag we logistika ulgamlarynda, şol sanda Hazar deňzinde hyzmatdaşlykda, ynsanperwer we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy we perspektiwleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu nukdaýnazardan, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy. Geçen ýyl Türkmenistanyň Azerbaýjanda, bu ýyl bolsa Azerbaýjanyň Türkmenistanda medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi, şeýle hem halyçylyk we atçylyk ýaly umumy gymmatlyklarymyzy öňe sürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirilip, köptaraplaýyn platformalar çarçuwasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.
Halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan dowam edýän däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary esasynda has-da ösjekdigi barada ylalaşyk bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy.
Şol gün, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrlikleriniň arasynda nobatdaky syýasy maslahatlaşmalar geçirildi.
Syýasy maslahatlaşmalara Azerbaýjan tarapyndan Daşary Işler Ministriniň orunbasary Samir Şarifow, Türkmenistan tarapyndan bolsa Daşary Işler Ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.