Azerbaýjanyň Ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen "Diplomatiýa Güni" atly halkara sergisine gatnaşdy
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Institutynda geçirilen "Diplomatiýa Güni" mynasybetli geçirilen halkara sergisine gatnaşdy.
Serginiň çarçuwasynda ýurdumyzyň baý taryhy mirasyny, medeniýetini, sungatyny we syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýän neşirler, broşýuralar, suratly otkrytkalar, sowgatlyklar we milli senetçilik nusgalary görkezildi. Munuň bilen birlikde, "Made in Azerbaijan" brendi ady bilen öndürilen önümler sergilendi we gatnaşyjylara hödürlendi. Şeýle hem, milli egin-eşiklerimiz hem görkezilip, Azerbaijan.travel platformasy tanyşdyryldy. Myhmanlara Azerbaýjanyň baý milli tagamlary barada maglumat berildi, dürli däp bolan tagamlar we süýjülikler paýlanyldy.
Çärede Azerbaýjanda” Şäher gurluşygy we Binagärlik Ýyly” çäginde Baku şäherinde maý aýynyň 17-22-i seneleri aralygynda geçiriljek WUF13 çäresi, şeýle him ýurduň durnukly şäherleşmegi, inkluziw şäher meýilnamalaşdyrylyşy we durnukly ösüş maksatlary barada giňişleýin maglumatlar berildi we Azerbaýjanyň global şäher meýilnamalaşdyrylyşynyň gün tertibinde artýan orny barada maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri Raşid Meredow ýurduň resmileri we diplomatik korpusyň wekilleri bilen bilelikde Azerbaýjan stendini bilen tanyşdy.
Şol bir wagtyň özünde, ilçi Gismat Gozalow sergide Türkmenistan metbugatyna interwýu berdi.