“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 11 dekabr 2025

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jaň etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew dekabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Halk Masalahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jaň etdi.

 

Döwlet baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gurbanguli Berdimuhamedowy gutlady we dogan Türkmenistana üstünlik arzuw etdi.

 

Prezident Ylham Aliýew dekabr aýynyň 12-ne Azerbaýjanda Umumymilli Lider Geýdar Aliýewiň ýatlama gününiň geçirilýändigini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşyp bilmejekdigini, bu çärelere Azerbaýjanyň Premýer Ministriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

 

Birnäçe gün mundan ozal Geýdar Aliýew Gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana saparyna degip geçen döwlet baştutany Azerbaýjan wekiliýetine berilen üns we görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Ylham Aliýew Geýdar Aliýew Gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat Gaznasynyň arasynda gol çekilen özara Düşünişmek hakyndaky Ähtnamany hyzmatdaşlygymyzyň ýene bir görkezijisi hökmünde baha berdi.

 

Azerbaýjanyň Prezidenti ýurduň Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşyjy bolmagynda Türkmenistanyň biragyzdan we doly goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

 

Döwlet baştutany öz salamlaryny we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowa ýetirmegi haýyş etdi.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon jaňy we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Lider Geýdar Aliýewiň aradan çykmagynyň ýatlama güni mynasybetli gynanç bildirip, onuň beýik şahsyýet bolandygyny we onuň ýadygärligine çuňňur hormat goýýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Umumymilli Lideriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ornunynyň bolandygyny belledi.

 

Ol hem öz gezeginde, Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana saparyny, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat Gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşygyny ýokary baha berip, gol çekilen resminamanyň örän möhümdigini aýtdy.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjany Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşyjy bolmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişe bu meseläni goldaýandygyny nygtady.

 

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler we geljekki gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty