Azerbaýjanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy “Sea Breeze” baryp gördüler
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iýul aýynyň 16-na “Sea Breeze” dynç alyş merkezine baryp gördüler.
“Sea Breeze”-yň düýbüni tutujy Emin Agalarow, döwlet baştutanyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygyna Hazaryň deňziniň kenarynda ýerleşýän dynç alyş zolagynda durmuşa geçirilen we geljek üçin meýilleşdirilýän taslamalar barada maglumat berdi.
Bu dynç alyş merkeziniň paýtagtdan bary-ýogy 30 minut uzaklykda ýerleşýändigi bellendi. Dürli görnüşdi köp sanly gozgalmaýan emläk obýektlerini bir ýere jemlän “Sea Breeze” dünýäde özboluşly taslama hasaplanýar. Bu ýerde, häzirki wagta çenli 3 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş we täjirçilik emläk taslamalary durmuşa geçirilip ulanyşa berilendigi bellenip, 500-den gowrak gozgalmaýan emläk obýekti guruldygy barada maglumat berildi. Mundan başga-da, bu meýdanda 50 gektar meýdany tutýan ýarym aý şekilinde özboluşly emeli ýarym ada dörediler.
“Sea Breeze”-de eýýäm 20 müň ýaşaýjy ýaşaýandygy we 2028-nji ýyla çenli olaryň sany 50 müňden geçmekligine, şele hem taslama doly tamamlanandan soň, bu ýerde 500 müň ýaşaýjy ýaşamaklygyna garaşylýandygy barada maglumat berildi.
“Sea Breeze” -de ýaşaýjylar we myhmanlar üçin amatly şertleri döretmek, boş wagtlaryny netijeli guramak üçin zerur infrastruktura döredildi. Şeýlelik bilen, bu ýerde dynç alyş ýerleri, seýilgähler we kenarýaka dynç alyş ýerleri üçin 150 gektardan gowrak ýer bölünip, mekdep, çagalar bagy, hassahana guruldy, takmynan 10 million ösümlik we agaç ekilmek bilen umumy meýdany 300 gektara ýetdi. Häzirki wagtda 500 gektar meýdany tutýan “Sea Breeze” -yň esasy taslamalary kenar ýakasynda ýerleşýär.
“Sea Breeze”-yň çäginde 6,560 adama iş berildi, geljekde bu görkezijini ep-esli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Taslama üçin goýulan umumy maýa goýumlarynyň mukdary 3 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Geljek bäş ýylda 10 milliard dollardan gowrak maýa goýumy özüne çekmek meýilleşdirilýär.