Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Iýul aýynyň 16-na Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýekelikde duşuşdy.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy aldy.
Döwlet baştutany we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy bilen bilelikde surata düşdi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş eden Prezident Ylham Aliýew:
-Hormatly Gurbanguly Mälikguliýewiç,
Azerbaýjana hoş geldiňiz. Size tüýs ýürekden salam berýärin. Saparyňyz Türkmenistan - Azerbaýjan doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Halklarymyzy çuňňur doganlyk däpleri birleşdirýär we garaşsyzlyk döwründe bu gatnaşyklar hasam güýçlendi. Biz köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris we iki ýurt garaşsyz syýasaty ýöredip geljege ynam bilen seredýär. Biziň aramyzdaky taryhy gatnaşyklar häzirki gatnaşyklar üçin esasy binýatdyr we Siziň saparyňyzyň biziň gatnaşyklarymyza täze itergi berjekdigine ynanýaryn. Syýasy, ykdysady, gumanitar we beýleki ugurlarda, şol sanda ulag we energetika ugurlarynda köp üstünliklerimiz bar, we elbetde, geljekdäki hyzmatdaşlyk barada bu gün pikir alyşarys.
Gadyrly doganym, Azerbaýjana ýene-de bir gezek hoş geldiňiz.
X X X
Duşuşygyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Hormatly Ylham Geydar ogly,
Delegasiýanyň hormatly agzalary,
Ilki bilen, Azerbaýjana sapara çakylyk ugradanyňyz, görkezilen myhmansöýerligiňiz we mähirli garşylamalaryňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň.
Meniň, şeýle hem Onuň Alyhezretleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tüýs ýürekden salamlarymyzy we hoş arzuwlarymyzy Size ýetirmek meniň üçin uly hormat.
Azerbaýjan Respublikasyna bu saparymyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary has çuňlaşdyrmak we ösdürmek, gazanylan üstünlikleri pugtalandyrmak, şeýle hem täze taslamalary we ugurlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça itergi bermekden ybaratdyr.
Umuman, Türkmenistan-Azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesini häsiýetlendirenimde, olary üç sözde beýan edýärin: doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk.
Biz berk taryhy binýada, iki halkyň hyzmatdaşlygyna we garyndaşlygyna, birek-birege ikitaraplaýyn mätäçlikleriň bolmagynyň düşünilmegine, halklarymyzyň we döwletlerimiziň parahatçylygy, olaryň abadançylygy we ösüşi üçin umumy syýasy, ykdysady we çeşme potensialyny ulanmaga taýýardygyna esaslanýar.
Türkmenistan we Azerbaýjanyň bu gün daşary syýasatda, syýasy, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda möhüm we giň hyzmatdaşlygyň meýilnamasynyň bolmagy tebigy zatdyr. Iki tarapyň hem tagallalary netijesinde hyzmatdaşlygymyz maksadalaýyklygy we takyklygy bilen tapawutlanýar, dowamly häsiýetli, gowy dinamikany görkezýär. Munuň üçin esasy, aýgytlaýjy faktor, ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan özara düşünişmegiň we ynamyň iň ýokary derejesidir. Bu, bize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça dogry we öz wagtynda karar bermäge, gazanylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasaty babatynda BMG-nyň Tertipnamasyna we tanalýan halkara hukuk kadalaryna boýun bolmak bilen, ýörelgeleri we berk pozisiýalary eýeleýärler. Ýurtlarymyz dünýäde we yklymda, sebitleýin meselelerde Hazar deňzi zolagynda durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm goşant goşýar.
Iň uly halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-de, birnäçe sebit gurluşlarynda üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 17-nji Sammitiniň bu ýakynlarda Hankendi şäherinde üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Azerbaýjany gutlaýaryn.
Ykdysady-söwda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösýär, onuň hil we mukdar görkezijileri ýokarlanýar.
Medeni, ylmy, bilim, şahsy we gumanitar derejeler boýunça däp bolan gatnaşyklar barha giňeýär.
Döwletara gatnaşyklarynyň örän möhüm elementleri bolan parlamentara gatnaşyklaryň, halk diplomatiýasynyň ähmiýeti we roly barha artýar.
Bu sapar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň durmuşa geçirmegiň çäginde ylalaşylan çemeleşmeleri ösdürmekde möhüm faktora öwrüljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Ylham Geydar ogly, dogan Azerbaýjan topragynda mydama mähirli garşylanýanlygymyz üçin Size ýene-de bir gezek sag bolsun aýdýaryn.
Köp sag boluň!
X X X
Prezident Ylham Alyýew: Sag boluň. Meniň hem salamlary hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegiňizi haýyş edýärin.