Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew Hankendide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew iýul aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Raşid Meredow Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň salamlaryny döwlet baştutanyna ýetirdi.
Prezident Ylham Alyýew ugradylan salamlar üçin minnetdarlygyny bildirdi, özüniň hem salamlaryny Türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan türkmen halkyna ýetirmeklerini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Garabagda geçirilen dikeldiş we gurluşyk işleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny, bu sebitiň tebigatynyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy.
Duşuşykda azerbaýjanlylaryň we türkmenleriň umumy etnik kökleri, taryhy we medeni baglanyşyklary bolan iki dogan halkdygyny ýene bir gezek nygtaldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky energetika, ulag, medeniýet, ynsanperwerlik, ylym, bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degişli giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Hususan-da, Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet Günleriniň we Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň geçirilmegi bellenildi.