“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 11 dekabr 2025

Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Aşgabada şäherine iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow dekabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

 

Aly Asadow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň salamlaryny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny bu ýurduň döwlet baştutanyna ýetirdi.

 

Serdar Berdimuhamedow Prezident Ylham Aliýewiň salamlary we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, onuň hem salamlaryny Azerbaýjan döwletiniň baştutanyna ýetirmegini haýyş etdi.

 

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejesi nygtaldy, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty