“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 23 oktyabr 2025

Azerbaýjan wekiliýeti “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22-24-i aralygynda, her ýyl bolşy ýaly, Aşgabatda “Türkmeistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Çäre energetika pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma hökmünde ähmiýeti bar.

 

Konferensiýanyň resmi açylyş dabarasyna we sergi pawilonynyň (“EXPO/Networking session”) gezelenjine dürli döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň we sebitleýin energiýa guramalarynyň wekilleri bir ýere jemlendiler. Çäräniň çäginde biziň ýurdumyzy Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow, “SOCAR”-yň prezidenti Röwşen Nejef we kompaniýanyň beýleki işgärleri wekilçilik etdiler.

 

Çäräniň konferensiýa bölüminde çykyş eden O.Zeynalow we R.Najaf Azerbaýjan Respublikasynyň halkara energetika taslamalarynda gazanan üstünlikleri, dogan Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Çärede esasy maksat Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem sebitleýin durnuklylyk bilen ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen amaly işlere üns berildi.

 

Konferensiýa Azerbaýjanyň Turkmenistandaky ilçisi G.Gozalow we ilçihananyň işgärleri işjeň gatnaşdylar.

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty