28-nji maý - Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellendi
28-nji maý - Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistandaky Azerbaýjanyň Ilçihanasynda resmi kabul edişlik geçirildi.
Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow öz çykyşynda gündogarda ilkinji demokratik döwlet hökmünde 107 ýyl mundan öň döredilen Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň taryhy ähmiýeti barada aýtdy. Jemi 23 aý bolan bu respublikanyň, halkymyzyň garaşsyzlyk ugrundaky tutanýerliligini dünýä görkezendigini aýtdy. Ilçi 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gaýtadan dikelden Azerbaýjan Respublikasynyň umumymilli lider Heýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda döwlet gurmakda, demokratik institutlaryň we ykdysady ulgamyň döredilmeginde uly üstünliklere ýetendigini we halkara jemgyýetçiliginde global integrasiýa gazanylandygyny aýtdy. Häzirki wagtda Prezident Ylham Alyýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjanyň durnukly ösüş ýolunda öňe barýandygyny we döwrebap döwlete öwrülendigini belläp geçdi.
Şeýle hem, Gismat Gozalow öz çykyşynda bu gün Azerbaýjanyň Ýewraziýa giňişliginde köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm rol oýnaýan energiýa, ulag we logistika başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygy barada gürrüň berdi. Azerbaýjan Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän strategiki energiýa koridorlary, halkara demir ýol we ulag ulgamlary, ýaşyl koridorlar we alternatiw energiýa geçiriji taslamalary arkaly global hyzmatdaşlykda möhüm rol oýnaýar. Ilçi, Azerbaýjan energiýa syýasatynda möhüm üýtgeşmeler girizmek bilen, diňe nebit we gaz eksportçysy hökmünde däl, eýsem ygtybarly ýaşyl energiýa hyzmatdaşy hökmünde hem pozisiýasyny güýçlendirýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda Bakuwda üstünlikli geçirilen COP29 çäresi, Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde öňdebaryjy ornuny hasam güýçlendirdi. COP29-yň çäginde Azerbaýjan ösen we ösýän ýurtlar, şeýle hem Global Günorta we Global Demirgazyk arasynda umumy düşünişmek üçin tagalla edýär we konferensiýa Bakuwyň Maliýe Maksady bilen birlikde birnäçe taryhy şertnamalar bilen tamamlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Ilçi 2020-nji ýylda 44 günlük Watançylyk urşundan soň, sebitde ýüze çykan täze hakykatlara, azat edilen sebitlerde alynyp barylýan dikeldiş we gurluşyk işleri, mina howpuna garşy göreş we sebitdäki parahatçylyk gün tertibi barada meselelere ünsi çekdi. Gismat Gozalow Azerbaýjanyň Watançylyk urşy netijesinde halkara birligi tarapyndan ykrar edilen serhetlerinde öz territorial bitewiligini we özygtyýarly hukuklaryny dikeldendigini belläp geçdi. Azat edilen ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, amala aşyrylan sebitlere uly gaýdyp geliş, şeýle hem mina howpuna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda Azerbaýjanyň Günorta Kawkazda parahatçylygy üpjün etmek üçin başlangyçlar edýändigini we Azerbaýjanyň Ermenistana iki ýurduň territorial bitewiligini we serhetlerini ykrar edýän parahatçylyk şertnamasyny teklip edendigini ünsi çekdi. Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň dowam edýändigini we serhetleri kesgitlemek etabynyň dowam edýändigini aýtdy. Sebitdäki konfliktiň soňlanmagy bilen ilkinji nobatda ulag we aragatnaşyk pudagynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň dörändigini we bu mümkinçilikleriň diňe Günorta Kawkazyň däl, eýsem tutuş sebitiň bähbitlerine hyzmat etjekdigini aýtdy.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçen Ilçi, Azerbaýjanyň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dogan ýurtlar bilen gatnaşyklarynda-da öz beýanyny tapýandygyny aýtdy. Gismat Gozalow Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigini we bu gatnaşyklaryň umumy taryhy, dil, etnik we medeni gatnaşyklara, şeýle hem umumy köke esaslanýandygyny aýtdy. Ilçi ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlyga ýetendigini we häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda üstünlikli çuňlaşýandygyny aýtdy.
Ilçi, parlamentara gatnaşyklaryň we Daşary Işler Ministrlikleriniň arasyndaky gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň çäginde syýasy, ykdysady, ulag, energiýa we medeni-gumanitar ugurlarda işjeň ösýändigini aýtdy. Ol iki ýurduň hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda, esasanam Global Metan Borçnamasy ýaly başlangyçlarda bilelikde tagalla edýändigini, nebit we gaz gorlaryna garamazdan daşky gurşaw taslamalaryna goşant goşýandyklaryny aýtdy. 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň takmynan 384 million ABŞ dollara barabar bolandygyny we bu görkezijiniň gatnaşyklaryň dinamiki ösüşini görkezýändigini, 2025-nji ýylda hasam artjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Gismat Gozalow, 2025-nji ýylyň Azerbaýjanda "Konstitusiýa we Özygtyýarlylyk ýyly", Türkmenistanda bolsa "Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly" diýlip yglan edilmegine ünsi çekip, bu kararlaryň iki ýurduň parahatçylyga, durnuklylyga we umumy ösüşe bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny görkezýändigi aýtdy. Ýurt ýolbaşçylarynyň tutanýerli syýasy erki bilen dogan halklarymyzyň arasyndaky taryhy köklere esaslanýan gatnaşyklaryň has-da çuňlaşjakdygy, sebitde we dünýäde parahatçylyk we gülläp ösmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryň täze sepgitlere ýetjekdigi, şeýle hem berk binýatda Azerbaýjan we Türkmenistan geljekde has uly üstünliklere ýetjekdigi bellenildi.
Çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň egindeş başlygy Nokargulu Ataguliýew öz çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň gutlagyny ýetirip, Azerbaýjana gülläp ösüş we üstünlik arzuw etdi. Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi berendigini, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy köklere esaslanýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çalt ösmegi begendirýändigini belläp geçdi.
Çäre Azerbaýjanyň halk we klassik sazlarynyň, esasanam beýik Üzeýir Hajibeýliniň eserleriniň baý aýdym-sazy dowam etdi. Ekranda "Arşin Mal Alan" operasyndan saýlanan sahnalar görkezilip, myhmanlara milli aýdym-saz we teatr sungatyň seýrek nusgalaryny hödürlendi.
Çärä gatnaşyjylara Azerbaýjanyň baý halk döredijiligini görkezýän milli tanslary hem görkezildi.
Çäräniň dowamynda ekranda ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini we häzirki zaman ösüşini görkezýän wideolar görkezildi. Myhmanlara Azerbaýjan aşhanasynyň tagamlaryň süýjüleriň we milli içgileriň ajaýyp nusgalary hödürlendi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurduň taryhy mirasyny, inçe sungatyny, halyçylyk sungatyny we syýahatçylyk potensialyny görkezýän materiallar, milli saz gurallary, şeýle hem “Made in Azerbaijan” brendiniň önümleri sergä çykaryldy we gatnaşyjylara hödürlendi. Dabaranyň dowamynda azerbaijan.travel we Made in Azerbaijan platformalaryny mahabatlandyrýan bannerler hem görkezildi.
Çärede Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş seridşeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.