“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 07 oktyabr 2025

Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji Sammiti Gabalada geçirilýär

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew çärede çykyş etdi.

 

Prezident Ylham Alyýewiň çykyşy:

 

-Hormatly döwlet we hökümet ýolbaşçylary.

Eziz dostlar.

 

Azerbaýjanyň gadymy şäheri bolan Gabala hoş geldiňiz. Gabala giň geografiýany öz içine alýan biziň eramyzdan öňki IV asyrda döredilen we biziň eramyzyň VIII asyryna çenli bar bolan Kawkaz Albaniýasynyň paýtagtydy.

 

Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň üstünlikli ýolbaşçylyk etmegi bilen Gyrgyz Respublikasyna minnetdarlygymy bildirýärin.

 

Häzirki wagtda Türki Döwletleriň Guramasy diňe bir hyzmatdaşlyk platformasy bolman, eýsem çynlakaý geosyýasy merkezleriň biri hökmünde döredilýär. Guramamyzyň halkara derejesinde barha artýan täsiri begendirýär. Umumy taryhy we etnik köklerimiz, umumy milli we ruhy gymmatlyklarymyz bizi maşgala hökmünde birleşdirýär.

 

Ýururdumyz guramanyň işine goldaw bermek maksady bilen Sekretariatyň hasabyna 2 million ABŞ dollary bagyş etdi.

 

Içerki syýasy we ykdysady durnuklylyk, ähmiýetli geostrategiki pozisiýa, oňyn demografiýa we ýaş ilat, ulag we logistika ugurlarda uly mümkinçilikler, tebigy baýlyklar, şeýle hem harby we harby-tehniki ugurlarda artan potensial TDG-ni dünýä arenasynda wajyp aktýora öwürer.

 

Türki Döwletleri Guramasynyň resmi Sammitleri bilen birlikde resmi däl Sammitleriň däbe öwrülendigi begendirýär. Geçen ýyl Şuşada geçirilen ilkinji resmi däl Sammit we şu ýyl Budapeştde geçiren duşuşygymyz möhüm kararlar bilen ýatda galdy.

 

Hormatly kärdeşler, bu gün parahatçylyk we howpsuzlyk her bir ýurduň ösüşi üçin esasy faktorlarydyr.

 

Guramamyzyň esaslandyryjy resminamasy bolan Nahçiwan Şertnamasynda parahatçylyk we howpsuzlyk esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň arasynda ýer alýar. Dünýäde ýüze çykan häzirki geosyýasy we howpsuzlyk çagyryşlarynyň arkasynda, geçen ýyl Şuşada resmi däl Sammitde kabul edilen Garabag Jarnamasyna we bu günki Sammitiň "Sebit parahatçylyk we howpsuzlyk" meselesine laýyklykda, türki döwletleriniň bitewi güýç merkezi hökmünde hereket etmegi diýseň wajypdyr.

 

Howpsuzlygy üpjün etmezden ösüşiň mümkin däldigi mälimdir. Halkara hukugynyň kadalary we ýörelgeleri gödek şekilde bozulanda ýurtlarymyzyň arasynda harby we harby-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygy iň möhüm faktorlardan biridir. Bu nukdaýnazardan, ýaranymyz Türkiýe bilen çuňňur hyzmatdaşlygymyz bar. Diňe soňky bir  ýylda Türkiýe bilen bilelikde 25-den gowrak ikitaraplaýyn we köpmilletli harby türgenleşik geçirildi.

 

Ýurtlarymyzyň arasynda harby, goranmak we howpsuzlyk ugurlaryndaky giň hyzmatdaşlygy göz öňünde tutup, 2026-njy ýylda Azerbaýjanda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň bilelikdäki harby türgenleşiklerini geçirmegi teklip edýärin.

 

Häzirki zaman dünýäsinde harby güýç her bir ýurduň garaşsyzlygynyň we territorial bitewiliginiň möhüm faktorydyr.

 

2020-nji ýylyň 44 günlük Watançylyk urşunda taryhy Ýeňişimiz, şeýle hem 2023-nji ýylda terrorçylyga garşy aýgytly çäreler netijesinde Azerbaýjan topraklarynyň 30 30 ýyllyk basyp alyşlyk tamamlandy. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň territorial bitewiligi we gadymy topraklarymyzyň üstünden özygtyýarlylyk dikeldildi. Bu taryhy üstünlik diňe bir Azerbaýjanyň milli erkiniň we tutanýerli göreşiniň ýeňşi bolman, eýsem sebitde adalatyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna möhüm goşantdyr.

 

Iki aý mundan ozal, Waşingtonda Ak Öýde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň başlamagy Günorta Kawkazy parahatçylyk mekanyna öwürer. Waşington Sammitiniň çäginde, şol bir wagtda, ÝHHG-niň Minsk toparynyň we degişli gurluşlaryň ýapylmagy baradaky bilelikdäki ýüzlenmä laýyklykda, sentýabr aýynyň 1-ne ÝHGG tarapyndan kabul edilen karar bilen bolup geçen konfliktiň galyndylary hem ýok edildi.

 

Şeýlelik bilen, äden ädimlerimiz Azerbaýjanyň öňe süren parahatçylyk gün tertibi ýene bir gezek tassyklady.

 

Biz Ermenistan basybalyjylygyny hiç haçan unutmarys. Şehitlerimiziň eziz hatyrasyny hemişe ýüregimizde saklarys. Olaryň ganyny söweş meýdanyna aldyk. Basybalyjyny gadymy topraklarymyzdan kowduk, Ýeňiş gazandyk we şol bir wagtyň özünde adalatly parahatçylyk gazandyk.

 

Gadyrly dostlar, ulag we aragatnaşyk gatnaşyklary Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde strategiki ähmiýete eýedir.

Türki dünýäsiniň ulag, aragatnaşyk, tranzit we beýleki ugurlardaky mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin edilen işler global ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine sebäp boldy.

 

Azerbaýjan Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta transport koridorlaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz Türkiýe bilen Merkezi Aziýanyň arasynda geografiki, ykdysady, ulag we beýleki ugurlarda köpri roluny ýerine ýetirýär.

 

2022-nji ýyldan bäri Orta Koridordan ýük daşamak takmynan 90 göterim ýokarlandy. Koridoryň ugrunda tranzit wagtlary ep-esli derejede azaldy. Hazaryň iň uly söwda dolanşygy, ýakyn ýyllarda kuwwaty ýylda 25 million tonna ýetjek Alat Halkara Söwda Porty, Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly, 9 halkara howa menzili, sebitiňi uly ýük awiakompaniýasy we beýleki faktorlar Azerbaýjany halkara transport merkezleriniň birine öwürdi.

 

Bu nukdaýnazardan, Waşington Sammitiniň beýleki möhüm netijelerinden biri hem Zangezur koridorynyň açylmagydyr. Zangezur koridory hem Orta Koridorda, hem-de Demirgazyk-Günorta Koridor çäginde täze transport arteriýasy we ikinji ugur hökmünde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Parahatçylyk, sebitara baglanyşyklar we ykdysady ösüş bilen bagly ýene bir möhüm ugur energiýa howpsuzlygydyr. Ýurdumyz bu maksatlaryň global derejesinde üpjün etmekde işjeň rol oýnaýar. Azerbaýjan birnäçe ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde özüni ygtybarly we aýrylmaz hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

 

Şahalandyrylan nebit we gaz turbalary arkaly Hazar sebitini halkara bazarlaryna birikdirmekde strategiki rol oýnaýarys. Häzirki wagtda tebigy gazy 14 ýurda eksport edýäris. Geografiki gurşawyna görä turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda Azerbaýjan birinji ýerde durýar.

 

Şeýle hem, Azerbaýjan Gün, ýel we gidroelektrik energiýasy ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine ep-esli maýa goýumlaryny çekýär. 2030-njy ýyla çenli energiýa önümçiligimiziň takmynan 40 göterimi täzelenýän çeşmeler bilen üpjün ediler.

 

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Türkiýe we Ýewropa ýaşyl energiýa koridorynyň üstünde işleýäris.

 

TDG agza ýurtlar bilen Azerbaýjan birnäçe möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirdi. Şu güne çenli dogan ýurtlaryň ykdysadyýetine 20 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Munuň esasy bölegi Türkiýe ykdysadyýetine maýa goýumlarydyr. Munuň bilen birlikde, Azerbaýjan Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilen bilelikdäki maýa goýum gaznalaryny döretdi. Bu gaznalar arkaly köp taslamalar durmuşa geçiriler.

 

Umuman aýdylanda, atylan ädimler Türki dünýäsinde ykdysady integrasiýany, energiýa we ulag pudagynda dostlukly we dogan ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň çuňlaşmasyny we sebitimiziň durnukly ösüşini üpjün edýär.

 

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, umumy taryhy we etnik köklerimiz, dillerimiz bizi bir maşgala hökmünde birleşdirýär. Bu ýerde 1926-njy ýylda Bakuda guralan ilkinji Türkologiki Gurlytaýyň taryhy ähmiýetini belläsim gelýär.

 

Geljek ýyl ilkinji Türkologiýa Gurlytaýyň geçirilmeginiň 100 ýyllygy Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde dabaraly görnüşde gurulmagyny teklip edýärin.

 

Sammitimiz kabul etjek kararlarymyz bilen, Türki Döwletleriniň Guramasynyň pozisiýasyny has-da pugtalandyrjakdygyna, halklarymyzyň abadançylygyna we howpsuzlygyna goşmaça goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

 

Çykyşymyň ahyrynda Garabagyň we Gündogar Zangezuryň dikeldilmegine berýän goldawlary üçin doganlyk ýurtlara ýene bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin. Füzulide Mirza Ulugbegiň adyndaky mekdebi, Kurmangazynyň adyndaky Çagalar Döredijilik Merkezi, Agdamda Manas adyndaky mekdebi eýýäm işleýär. Bu özbek, gazak we gyrgyz doganlarymyzyň sowgatlarydyr. Wengriýaly doganlarymyzyň sowgady Jebraýil şäherinde gurlan mekdepdir. Türkmen doganlarymyzyň sowgady - bu gün düýbi tutulan Füzuli metjididir. Dogan Türkiýäniň kompaniýalary birnäçe tuneller, köpriler we ýollar gurýarlar. Azerbaýjan halky bu dogan goldawyny asla unutmaz.

 

Sag boluň.

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty