“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
Azerbaýjan - Türkmenistan gatnaşyklary
Azerbaýjan - Türkmenistan gatnaşyklary
AZERBAÝJAN - TÜRKMENISTAN GATNAŞYKLARY

Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak

 

1992-nji ýylyň iýun aýynyň 9-na Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.  2022-nji ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi.

 

Ilçihanalaryň işleri:

Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçihanasy 2002-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ne Türkmenistanda işläp başlady. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy 1999-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ne işläp başlady.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 29-na Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy bilen Gismat Gozalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

2022-nji ýylyň iýul aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy bilen Gurbanmamet Elýasow Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16-na Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

 

Syýasy gatnaşyklar:

2017-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne "Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk Jarnamasyna" gol çekildi.

 

Ýokary we iň ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar:

 

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana eden iş saparlary:

 Milli Lider Geýdar Alyýew;

1993-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-24-i —GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň mejlisi

1994-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-27-i—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreler

1996-njy ýylyň maý aýynyň13-14-i—Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň IV mejlisi

2002-nji ýylyň aprel aýynyň 23-25-i—Hazar ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň mejlisi

Ylham Alyýew; 

2008-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-29-y—Resmi iş sapar

2008-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-y—Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe döwletleriniň Prezidentleriniň duşuşygy

2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 21-22-i—Resmi iş sapar

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 11-i-iş sapary—GDA döwlet baştutanlarynyň mejlisi

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-i-Iş sapary—Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji mejlisi

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 29-y-Iş sapary—Hazar döwletleriniň baştutanlarynyň VI ýygnagy

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-i-Iş sapary—Azerbaýjan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Türkmenistan döwlet baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn mejlisi

2022-nji ýylyň awgust aýynyň 22-i-Iş sapary — Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan arasynda ýokary derejeli duşuşyk

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynda bolan iş saparlary:

Saparmyrat Niýazow;

1996-nji ýylyň mart aýynyň 18-19-y—Resmi iş sapary

Gurbanguly Berdimuhamedow;

2008-nji ýylyň maý aýynyň 19-20-si—Resmi iş sapary

2010-njy ýylyň noýabr aýynyň 18-i—Iş sapary: Hazar ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň üçünji mejlisi

2015-nji ýylyň iýun aýynyň 12-i—Iş sapary: “Baku 2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy

2017-nji ýylyň awgust aýynyň 8-9-y- Resmi iş sapary

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 25-26-y—Iş sapary: Goşulyşmazlyk Hereketiniň mejlisi

2020-nji ýylyň mart aýynyň 11-i—Resmi iş sapary

Serdar Berdimuhamedow; 

2023-nji ýylyň mart aýynyň  2-si-Iş sapary—“COVID-19” bilen göreşmek üçin “Goşulmadyk hereket” aragatnaşyk toparynyň mejlisi

 

Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden saparlary:

 

 

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 16-17-si- Baku we Garabag sebitlerine;

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 7-si TDG-niň- Döwlet Baştutanlarynyň 12-nji Sammiti, Gabala


 

 

Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministrleriniň Türkmenistana iş saparlary:

Artur Rasi-zade;

2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 24-i—Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň jaýlanyşy

2007-nji ýylyň fewral aýynyň 14-i—Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasy

2007-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-i—GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň ýygnagy

2012-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-i—GDA döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň ýygnagy

Nowruz Mämmedow;

2019-njy ýylyň maý aýynyň 30-31-i—GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň ýygnagy

2019-njy ýylyň awgust aýynyň 12-i—Ilkinji Hazar ykdysady forumy

Eli Asadow;

2025-njy ýylyň awgust aýynyň 5 de — BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar boýunça Üçünji Maslahaty

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-12 —Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly (2025)”, Halkara Bitaraplyk Güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara Forum;

 

Azerbaýjan Respublikasynyň mejlis başlyklarynyň Türkmenistana iş saparlary:

Ogtaý Asadow;

2015-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-i—Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa

2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-i—Aziýada ýapyk söweş sungat oýunlarynyň açylyş dabarasy

Sahiba Gafarowa;

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-8-i—Resmi iş sapary

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 4-de — BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň çäklerinde Parlament Forumy

 

Türkmenisatnyň mejlis başlyklarynyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparlary:

Sähet Muradow;

2000-nji ýylyň aprel aýynyň 8-9-y—Türki dilli ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň altynjy mejlisi we "Kitabi-Dəd Korkd" eposynyň 1300 ýyllygy.

Akja Nurberdiýewa;

2008-nji ýylyň iýun aýynyň 18-20-si—Azerbaýjanyň mejlisiniň 90 ýyllygyna bagyşlanan çäreler

Gülşat Mämmedowa;

2019-njy noýabr aýynyň 4-5-i—Resmi iş sapary

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 30-y—iş sapary

 

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler Ministrleriniň Türkmenistana iş saparlary:

Hasan Hasanow;

1998-nji ýylyň fewral aýynyň 5-i—Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda Hazar deňziniň ortaça çyzykly koordinatalary barada gepleşik geçirmek üçin döredilen bilermenler toparynyň duşuşygy

Elmar Mämmedýarow;

2007-nji ýylyň maý aýynyň 23-i—Resmi iş sapary

2010-njy ýylyň dekabr aýynyň 11-i—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara konferensiýa”

2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-y-Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji üç taraplaýyn duşuşygy

2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-i—Resmi iş sapary

2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-i—Resmi iş sapary

Jeýhun Baýramow;

2021-nji ýylyň yanvar aýynyň 21-i—Resmi iş sapary

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-si—Iş sapary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 25-nji ýygnagy

 

Türkmenisatnyň Daşary Işler Ministrleriniň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparlary:

Boris Şyhmyradow;

1998-nji ýylyň mart aýynyň 30-y—Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda Hazar deňziniň ortaça çyzykly koordinatalary barada gepleşik geçirmek üçin döredilen bilermenler toparynyň duşuşygy

1998-nji ýylyň maý aýynyň 8-i—Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Alyýewiň 75 ýyllygy

1999-njy ýylyň maý aýynyň 18-21-i—Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň IX mejlisi

Raşid Meredow;

2008-nji ýylyň mart aýynyň  5-i—Iş sapary

2014-nji ýylyň aprel aýynyň 2-3-i—Resmi iş sapary

2014-nji ýylyň maý aýynyň 25-26-sy—Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrleriniň ilkinji üç taraplaýyn duşuşygy

2018-nji ýylyň oktaýbr aýynyň 18-i—Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-i—Iş sapary

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 3-4 aralygy— Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammiti

Ýokary derejedäki duşuşyklar:

Milli Lider Geýdar Alyýew     we Saparmyrat Nyýazow—1997-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-i- Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň konferensiýasynyň VIII mejlisi, Tähran

Milli Lider Geýdar Alyýew     we Saparmyrat Nyýazow—1999-njy ýylyň noýabr aýynyň 18-i-ÝHHG-niň mejlisi, Stambul

Milli Lider Geýdar Alyýew we Saparmyrat Nyýazow—2000-nji ýylyň iýun aýynyň 9-y-Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň VI mejlisi, Tähran

Milli Lider Geýdar Alyýew we Saparmyrat Nyýazow—2001-nji ýylyň aprel aýynyň 27-si-Türki dilli ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň VII mejlisi, Stambul

Ylham Alyýew we Gurbanguly Berdimuhamedow—2007-nji ýylyň iýun aýynyň 10-y-GDA döwlet baştutanlarynyň resmi däl mejlisi, Sankt-Peterburg

Ylham Alyýew we  Gurbanguly Berdimuhamedow—2014-nji ýylyň iýun aýynyň 4-i-Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň IV mejlisi, Bodrum

Ylham Alyýew we Gurbanguly Berdimuhamedow—2014-nji ýylyň iýun aýynyň 5-i-Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň IV mejlisi, Azerbaýjanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Türkmenistanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn ýygnagy, Bodrum

Ylham Alyýew we Gurbanguly Berdimuhamedow—2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 11-i-GDA döwlet baştutanlarynyň mejlisi, Aşgabat

Ylham Alyýew we Serdar Berdimuhammedow—2022-nji ýylyň iýyn aýynyň 29-y- Hazar döwletleriniň döwlet baştutanlarynyň VI mejlisi, Aşgabat

Ylham Alyýew we Serdar Berdimuhammedow—2023-nji ýylyň mart aýynyň 2-si-“COVID-19” bilen göreşmek üçin “Goşulmadyk hereket” aragatnaşyk toparynyň mejlisi, Baku

 

Mejlisara gatnaşyklar:

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisinde we Türkmenistanyň Mejlisinde parlamentara gatnaşyklar boýunça azerbaýjan-türkmen iş toparlary bar.

Azerbaýjan boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy: Tanzila Rüstamhanli

Türkmenistan boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy: Annamuhammet Sarkaýew

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-ne Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň mejlisleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumy gol çekildi.

Azerbaýjan Respublikasy we Türkmenistan syýasy we diplomatik ugurlar bilen birlikde ykdysady, ulag we logistika, energiýa, medeni we ynsanperwer ugurlarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

 

Ykdysady gatnaşyklar - Hökümetara Geňeşi:

 

 

2008-nji ýyldan bäri Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümeti arasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Azerbaýjan-Türkmenistan Hökümetara Topary işleýär. Toparyň häzriki wagta çenli 8 mejlisi geçirildi.

 

2025-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 208,39 million ABŞ dollaryna deň bolup, şol sanda, importyň möçberi 144,54 million ABŞ dollaryna, eksportyň möçberi bolsa 63,85 million ABŞ dollaryna ýetdi, daşary söwda möçberi 80,69 million ABŞ dollarynda otrisatel çykdy.  

 

Şertnamalaýyn-hukuk esaslary:

Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda 108 resminama gol çekildi.

 

Köptaraplaýyn gatnaşyklar:

Iki ýurduň arasynda halkara we sebitara guramalar çarçuwasynda, şol sanda BMG, ÝHHG, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, Türki Döwletler Guramasy we TÜRKSOÝ ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk bar.

Şeýle hem, Azerbaýjan Respublikasy we Türkmenistan üç taraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk alyp barýar. Azerbaýjan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Türkmenistan döwlet baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn mejlisi 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ne Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan Daşary Işler, Ykdysadyýet we Energetika ministrleri derejesinde üç taraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary alyp barýar.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 22-ne Türkmenbaşy şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýewiň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda Ýokary Derejeli Duşuşyk geçirildi.

 

 

 



Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty