Gaýdyp gelmek şahadatnamasyny almak üçin “Düzgünnama” bilen tassyklanan arza-anketasydoldurylyp (nusgasy goşulýar - degişlilikde goşundy №3 ýa-da goşundy №4) Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullygyna tabşyrylmaly.
Şahadatnama bermek üçin arza-anketasy aşakdaky resminamalar ýa-da olaryň nusgalary goşulmaly:
- pasport ulanylyp bolmajak ýagdaýda ýa-da onuň möhleti gutaran halatynda - pasportyň özi;
- 2 (iki) reňkli fotosurat (3x4 sm ölçegde);
- üstünde suraty bolan aşakdaky resminamalaryň biri - Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň şahsyýetnamasy, Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan berlen harby bileti, Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan berlen sürüjilik şahadatnamasy ýa-da şahsyýetini ýa-da raýatlygyny kesgitleýän başga resmi resminama;
- Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty bilen bile giden 18 ýaşdan kiçi ýa-da daşary ýurtda 18 ýaşyna ýeten Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň dogluş şahadatnamasy ýa-da şahsyýetnamasy;
- Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamyň Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan berlen, şahsyýetini tassyklaýan başga bir resmi resminama;
- Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adam bilen bile giden 18 ýaşyna ýetmedik ýa-da daşary ýurtda 18 ýaşyna ýeten çaganyň dogluş şahadatnamasy ýa-da Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan berilen şahsyýetini tassyklaýan resmi resminama;
- Döwlet pajynyň tölenendigi baradaky resminama – 10 ABŞ dollary.
Şahadatnama bermek üçin arza-anketa (Goşundylar № 3, № 4) Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullygynda bellige alynýar.
Azerbaýjan Respublikasynyň raýaty ýa-da Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adam tarapyndan görkezilen resminamalar tabşyrylandan soňra Şahadatnama arzanyň bellige alnan gününden başlap 3 senenama gününden gijä galman berilýär.
Eger Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň ýa-da Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamyň raýatyň şahsyýetini tassyklaýan degişli resminamalary ýok bolsa, Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullygy raýatyň beren maglumatlarynyň dogrulygyny barlamak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi arkaly ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda gönüden-göni Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Migrasiýa Gullugyna sorag ibermelidir.
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Migrasiýa Gullugy gysga wagtyň içinde (3 iş gününden köp bolmadyk) soragyň ýerine ýetirilişine degişli barlaglary geçirmelidir we alnan netijeler barada Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullygyna habar bermelidir.
Eger Azerbaýjan Respublikasynyň raýatynyň ýa-da Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamyň beren maglumatlarynyň dogrulygy tassyklansa, olara 3 senenama gününiň dowamynda Şahadatnama berilýär.
Azerbaýjan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adama Şahadatnama Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň razylygy bilen berilýär.