Arkadag şäheriniň Taryh we Ülkäni Öwreniş muzeýinde “Azerbaýjan - obýektiwden taryha” atly sergi hödürlendi
Türkmenistanda geçirilen Azerbaýjan Medeniýet Günleriniň çäklerinde iýun aýynyň 6-na Arkadag şäheriniň Taryh we Ülkäni Öwreniş muzeýinde “Azerbaýjan-obýektiwden taryha” atly sergi hödürlendi.
Çärä Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Hüseýnow, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Azerbaýjan Milli Mejlisiniň deputaty Hikmet Mämmädow, Azerbaýjan Ýazyjylar Birleşiginiň kätibi Ilgar Fehmi, şeýle hem medeniýet, edebiýat we ylym işgärleri gatnaşdylar.
Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Hüseýnow Türkmenistanda Azerbaýjan medeniýetiniň ýokary derejede tanyşdyrylýandygyny belledi. Şeýle hem ol medeniýet günleriniň ýurduň paýtagty Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde geçirilmegini möhüm we ähmiýetli waka hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow bolsa çykyşynda iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, özara geçirilýän medeniýet günleriniň bolsa bu gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat edýändigi barada durup geçdi.
Azerbaýjan Fotograflar Birleşiginiň başlygy Amira Süleýman sergide görkezilen suratlarda ýurduň häzirki zaman binagärliginiň, azat edilen ýerlerdäki taryhy-medeni mirasyň, şeýle hem dikeldiş we gurluşyk işleriniň öz beýanyny tapandygyny aýtdy.
Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar.