Türkmenistanda geçirilen Azerbaýjan Medeniýet Günleri Döwlet tans ansamblynyň ajaýyp konserti bilen jemlendi
Iýun aýynyň 5-7 senelerinde Türkmenistanda geçirilen Azerbaýjan Medeniýet Günleri Azerbaýjan Döwlet Tans Ansamblynyň ajaýyp konserti bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserti doganlyk ýurduň resmi wekilleri, Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň jogapkär işgärleri, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik wekilleri tomaşa etdiler.
Konsert maksatnamasy “Meniň Azerbaýjanym” bilen başlandy.
Soňra toparyň ýerine ýetirmeginde “Gawal bilen tans”, “Nagara bilen tans”, “Toý”, “Gazahy”, “Halaý”, “Naz etme”, “Terekeme”, “Uzundere”, “Ak gülüm”, “Çaýçy”, “Bahar” we “Gaýtagy” ýaly milli tanslar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.
Çykyşlaryň hemmesi tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.