Aşgabatda Azerbaýjan-Türkmenistan ylmy hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň (AMEA) prezidenti, akademik Isa Habibbəýli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen «Güýçli döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnologiýalar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä Türkiýäniň, Hytaýyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Çehiýanyň, Bolgariýanyň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň hem-de beýleki döwletleriň ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetleri hem gatnaşdylar.
AMYA-nyň prezidenti, akademik Isa Habibbeýli maslahatyň plenar mejlisinde «Birinji Türkologiýa gurultaýynyň çäginde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ylmy gatnaşyklary» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda 1926-njy ýylda Baku şäherinde geçirilen, umumy taryhy kökleri bolan türk halklarynyň dilini, edebiýatyny, medeniýetini hem-de jemgyýetçilik pikirini toplumlaýyn öwrenmäge bagyşlanan Birinji Türkologiýa Gurultaýyna doganlyk Türkmenistandan gelen wekilleriň işjeň gatnaşandyklary we umumy latyn elipbiýine geçilmegine beren goldawlary aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Prezidentleriniň özara saparlarynyň, geçirilen resmi duşuşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde yzygiderli giňeýändigini aýdyň görkezýändigi bellenildi.
Bu ugurda geçirilýän ylmy çäreleriň, hususan-da, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy boýunça Azerbaýjanda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, neşir edilýän kitaplaryň, şeýle hem Azerbaýjan Milli Ylymlar Akademiýasynyň Nizami Genjewi adyndaky Edebiýat Institutynda hereket edýän Magtymguly Pyragy merkeziniň Azerbaýjan–Türkmenistan ylmy gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti barada hem durlup geçildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň alymlary tarapyndan beýik Azerbaýjan şahyry Nizami Genjewiniň ömri we döredijiliginiň öwrenilmeginiň, eserleriniň türkmen diline terjime edilip neşir edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.
AMYA-nyň prezidenti, akademik Isa Habibbeýli Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna baryp, Azerbaýjanyň Umummilli Lideri Geýdar Aliýewiň büstüne gül goýdy.
Mundan başga-da, AMYA-nyň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanyň Milli kitaphanasynda täze döredilen Azerbaýjan burçuna Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynda neşir edilen kitaplar sowgat berildi.