Arkadag şäherinde Seýit Azym Şirwanynyň we Döwletmämmet Azadynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günleri doganlyk ýurduň Arkadag şäherini hem öz içine alýar. Iýun aýynyň 6-da Arkadag şäherinde Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili, şahyr we magaryfçy Seýit Azym Şirwanynyň (1835–1888) hem-de meşhur türkmen şahyry Döwletmämmet Azadynyň (1695–1760) döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynda guralan maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar kitaphana bilen tanyşdylar.
Maslahat Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy-dramaturg Ilgar Faminiň alyp barmagynda geçirildi.
Maslahatda Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Huseýnow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputaty, Azerbaýjan–Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzasy, syýasat ylymlarynyň doktory, professor Hikmet Mämmedow, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türki Dünýäsi Milli kitaphanalar birleşiginiň başlygy Kerim Tahyrow hem-de türkmen edebiýatçylary çykyş edip, iki akyldaryň hem ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler.
Çykyşlarda XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň ösüşinde, onuň täze mazmun we ideýalar bilen baýlaşmagynda uly hyzmatlary bolan Döwletmämmet Azadynyň takmynan kyrk ýyllyk döredijilik döwründe ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň waspçysy hökmünde meşhurlyk gazanandygy bellenildi. Şeýle hem onuň ogly Magtymguly Pyragynyň diňe Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Türki dünýäsinde uly şöhrata eýe bolandygy nygtaldy.
Şeýle hem Seýit Azym Şirwanynyň nusgawy gazal mekdebiniň kuwwatly wekilleriniň biri bolmak bilen birlikde, XIX asyrda Azerbaýjanda magaryfçylyk pikiriniň ösmegine möhüm goşant goşandygy bellenildi. Onuň şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan şahyrlarynyň terjimehallaryny we eserlerinden nusgalary öz içine alýan “Tezkire” kitabyny neşir etdirendigi hem nygtaldy.
Çykyşlardan soň Azerbaýjan we Türkmen çeper okaýjylary iki şahyryň goşgularyny labyzly ýerine ýetirdiler.
Milli mukam üçlüginiň sazly ýoldaşlygynda Seýit Azym Şirwanynyň we Döwletmämmet Azadynyň gazallarynyň esasynda mukamlar we tasnifler ýerine ýetirildi.