Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşada “Geýdar Aliýew we Garabag” atly sergi bilen tanyşdylar
23-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşa şäherinde Geýdar Aliýew Gaznasy tarapyndan dikeldilen Döredijilik merkezinde guralan “Geýdar Aliýew we Garabag” atly sergi bilen tanyşdylar.
“Geýdar Aliýew we Garabag” sergisinde Beýik Ýolbaşçynyň Garabagyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ösüşindäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar hem-de wideo materiallary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde Umummilli Lideriň Garabaga amala aşyran saparlaryna, geçiren dürli duşuşyklaryna we çärelere degişli fotosuratlar ýerleşdirilipdir.
Serginiň ekspozisiýasy 1969-njy ýyldan başlap Garabagyň we Gündogar Zengezuryň taryhynda başlanan uly özgerişler döwrüni myhmanlara beýan edýär.
Öz halkyna çuňňur ygrarly bolan beýik şahsyýet Geýdar Aliýewiň çylşyrymly taryhy şertlerde sebitiň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyran giň gerimli özgertmeleri baradaky maglumatlar fotosuratlar we wideo materiallar arkaly sergä gelýänlere ýetirilýär.
Sergide, şeýle hem, Umummilli Lider Geýdar Aliýewiň ömrüne we syýasy işine bagyşlanan “Yz” atly dokumental film görkezilýär.