Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Prezidentleri metbugat üçin beýanatlar bilen çykyş etdiler
Iýun aýynyň 22-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow metbugat üçin beýanatlar bilen çykyş etdiler. Ilki bilen döwlet Baştutany çykyş etdi.
Prezident Ylham Aliýewiň beýanaty
- Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, hormatly myhmanlar, eziz dostlar! Eziz myhmanymyzy-döwlet sapary bilen Türkmenistandan gelen Prezidenti ýene-de bir gezek salamlaýandygymdan örän şatdyryn.
Çakylygymy kabul edip, Azerbaýjana sapar edendigi üçin hormatly Prezidente ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin. Bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Bu gün hem ýekelikde hem-de giň düzümde gepleşikler geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygymyzyň geljekki ösüş ugurlary kesgitlenildi.
Garabagyň dikeldilmegine berlen kömek üçin Türkmenistana, eziz doganym Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Ol geçen ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar edende, Füzuli şäherinde metjidiň gurluşygy baradaky başlangyjy öňe sürdi we häzirki wagtda onuň gurluşygyna girişildi. Bu Türkmenistan döwletiniň, onuň Milli Lideriniň hem-de ähli doganlyk türkmen halkynyň Azerbaýjana bolan çyn ýürekden dostlukly garaýşynyň ýene bir aýdyň görkezijisidir.
Şeýle hem Serdar Gurbangulyýewiçe hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Bu gün, eýýäm belläp geçişim ýaly, birnäçe meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdyk. Anyk tabşyryklar berildi. Geljek aý Türkmenistanda geçiriljek Hökümetara komissiýanyň çäklerinde şu gün berlen tabşyryklar doly öwrenilip taýýarlanar we biz täze bilelikdäki meseleleriň çözgüdine, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine geçeris diýip ynanýaryn.
Biziň gatnaşyklarymyz berk binýat, taryhy baglanyşyklar, medeni we ruhy gatnaşyklaryň üstünde gurulýar. Biz yzygiderli döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guraýarys. Hatda şu aýyň başynda Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde Azerbaýjan Medeniýet günleri geçirildi. Geçen ýyl bolsa türkmen medeniýet işgärleri Bakuda hem-de Genjede geçirilen Medeniýet günlerinde biziň myhmanymyz boldular.
Şeýle hem, Baku we Aşgabadyň Arkadag bilen Fizuli şäherleriň dogan şäherlerdigini belläp geçmelidiris. Bularyň ählisi biziň agzybirligimiziň aýdyň subutnamasydyr. Biz hyzmatdaşlygymyzy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hem-de özara gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmaga çalyşýarys.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyna Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Maslahat geňeşine doly hukukly agza hökmünde kabul edilmeginde beren işjeň goldawy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin. Men muny taryhy waka hökmünde hasaplaýaryn, sebäbi geografik taýdan Merkezi Aziýanyň bir bölegi bolmasak-da, medeni we taryhy baglanyşyklar, şeýle hem häzirki wagtda sebitleýin özara baglanyşyk we ulag-logistika meseleleri boýunça çözýän anyk işlerimiz uly Merkezi Aziýany bitewi geosyýasy we geoykdysady sebit hökmünde kabul etmek üçin şert döredýär. Elbetde, biz ilkinji günden köpugurly formatda işjeň hyzmatdaşlyga başladyk.
Bu gün ulag-logistika ulgamy barada hem köp gürrüň edildi. Elbetde, ýurtlarymyzyň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlyk eýýäm uzak möhletli häsiýete eýedir, hatda men muny diňe biziň üçin däl, goňşularymyz üçin däl, eýsem giň geografik sebit üçin hem strategik ähmiýete eýe diýip aýtmak isleýärin. Sebäbi häzirki wagtda dünýäde ýurtlary özara hyzmatdaşlykda birleşdirýän ygtybarly we howpsuz ulag ýollary kän däl. Bu uly üstünlikdir. Şeýle ýagdaýda ulag we logistika taslamalaryny syýasy hyzmatdaşlykdan aýry görnüşde seretmek mümkin däl. Syýasy hyzmatdaşlyk bolmasa, hiç bir geografik şertler hem biziň tagallalarymyzy birleşdirmäge mümkinçilik bermezdi. Biz bolsa bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde artýan ýük akymlaryny has-da ýokarlandyrmak hem-de üçünji ýurtlardan ýük daşamalary çekmek üçin ulag-logistika ulgamyndaky işimizi has-da utgaşdyrmak barada ylalaşdyk. Şonuň üçin bu ugur hem ikitaraplaýyn, hem köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrüler.
Elbetde, Türkmenistan we Azerbaýjan giň tebigy baýlyklara hem-de energetika serişdelerine eýe iki ýurt bolup durýar. Şeýle ýagdaýda biz tagallalarymyzy birleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.
Elbetde, doganlyk türkmen halkyny we onuň ýolbaşçylygyny durmuş-ykdysady ösüşde gazanan möhüm üstünlikleri bilen gutlamak isleýärin. Men eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek Türkmenistana sapar etdim we doganlyk ýurdumyzyň yzygiderli ösüşine, şäherleriň has-da abadanlaşmagyna, infrastruktura, şol sanda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilişine hemişe şaýat boldum. Bularyň ählisi ýolbaşçylygyň paýhaslylygyny we milli bähbitleriň ileri tutulýandygyny görkezýär. Biz, dostlaryňyz we doganlaryňyz hökmünde, halkara giňişlikde hem üstünlikleriňize hemişe begenýäris hem-de eýýäm dünýäde giň jemgyýetçilik goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny hemişe goldadyk we mundan beýläk-de goldamagy dowam etdireris.
Hormatly Prezident, sizi ýene-de bir gezek salamlaýaryn hem-de eziz doganym Arkadaga we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.
Soňra beýanat bilen çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul ediliş, myhmansöýerlik hem-de bilelikdäki iş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Ol ýekelikde we giň düzümde geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesiniň ýokary baha berilýändigini bellemek bilen, ýokary derejeli myhman ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukukly we özara peýdaly ýörelgeler esasynda dinamik we yzygiderli ösüş ýolunda dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Ol şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň Hazar deňzinde bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem dowam etdiriljekdigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow ykdysady-söwda hyzmatdaşlygynyň hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Ol energetika, ulag, himiýa, dokma senagaty hem-de beýleki birnäçe ugurlaryň ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenendigini nygtap, ýurtlarymyzyň çäklerinden Gündogar-Günbatar ugrunda ulag we tranzit geçelgelerini döretmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşylandygyny aýtdy.
Medeni we ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilendigini belläp, ýokary derejeli myhman duşuşyklaryň dowamynda medeniýet işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi we giňeldilmegi, şeýle hem her ýyl Medeniýet günleriniň geçirilmegi boýunça iki ýurduň hem taýýardygyny tassyklady.
“Wekilýetimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn möhüm resminamalar toplumy gol çekildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlar boýunça ösdüriler. Bu bolsa ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýär”, diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.
Ol Azerbaýjan Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki şahsy goşandyny aýratyn nygtap, minnetdarlyk bildirdi.
“Dostluk” nebit tankeriniň sowgat berilmegi üçin hem minnetdarlyk bildirildi. Ol muny ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini aýdyp, bu tankeriň ýurtlarymyzyň ösüşine goşant goşjakdygyna hem-de üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boljakdygyna ynam bildirdi.
Ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, umumy taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini belledi.
Netijede ol: “Azerbaýjan Respublikasy ösüş we rowaçlyk ýolunda ynamly öňe barýar” diýip belläp, doganlyk Azerbaýjan halkyna parahatçylyk, asudalyk we durnukly ösüş arzuw etdi.