“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 22 iyun 2026

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýeňiş” seýilgähine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda Bakuda “Ýeňiş” seýilgähine baryp gördi.

 

Bu ýerde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň hatary düzüldi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti seýilgähdäki Ýeňiş ýadygärliginiň öňünde gül çemenini goýdy.

 

Soňra ýokary derejeli myhmana Azerbaýjan halkynyň Watan urşunda görkezilen gaýduwsyz gahrymanlygy we gazanylan beýik taryhy Ýeňşiň ýatda saklanmagy, şehitleriň mukaddes hatyrasynyň ebedileşdirilmegi maksady bilen döredilen “Ýeňiş” seýilgähi barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgähiň girelgesinde 44 günlük Watan urşunyň nyşany hökmünde beýikligi 44 metr, ini 22 metr, sütünleriniň sany 44 bolan “Ýeňiş Arkasy” gurlupdyr.

 

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty