Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar bilen geldi
Iýun aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen geldi.
Her iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň pasyrdap duran Geýdar Aliýew adyndaky Halkara Howa Menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň hatary düzüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýakub Eýýubow, Daşary Işler Ministriniň orunbasary Samir Şerifow, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.