“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 05 iyun 2026

Aşgabatda Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň çäklerinde gala konsert geçirildi

Ilki bilen çärä gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda Azerbaýjan Fotografçylar birleşigi tarapyndan guralan “Garabag – milli mirasyň ýadygärligi atly fotosergi bilen tanyşdylar.

 

Sergide 2020-nji ýylda bolup geçen 44 günlük Watançylyk urşunda we 2023-nji ýylyň antiterror çäreleriniň netijesinde azat edilen ýerlerde otuz ýyllyk basyp alyş döwründe ermeni wandalizmine sezewar edilen taryhy-medeni ýadygärlikleriň hem-de beýleki infrastruktura desgalarynyň weýran edilen ýagdaýynyň suratlarda öz beýanyny tapandygy barada maglumat berildi.

 

Şeýle hem suratlarda basyp alyşdan soň Azerbaýjan döwleti tarapyndan azat edilen ýerlerde alnyp barylýan giň gerimli dikeldiş we gurluşyk işleri görkezildi.

 

Soňra Mukamlar köşgüniň uly zalynda gala konsert başlandy.

 

Konserte Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa, Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, medeniýet we ylym işgärleri hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy köklere eýedigini aýtdy.

 

Ol Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köp sanly umumy gymmatlyklarynyň bardygyny, şolaryň arasynda medeniýetiň aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Bahar Seýidowa Azerbaýjanyň sungat ussatlaryna üstünlik arzuw etdi.

 

Medeniýet ministri Adil Kerimli çykyşynda Azerbaýjan wekiliýetine görkezilen ýokary derejeli myhmansöýerlik üçin doganlyk ýurduň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

 

Çykyşlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda medeniýet ulgamynda hem ýylsaýyn üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Özara Medeniýet Günleriniň geçirilmeginiň medeni gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga uly goşant goşýandygy nygtaldy.

 

Soňra sahna Azerbaýjanyň sungat ussatlaryna berildi.

 

Konsertde Halk artistleri Azer Zeýnalow, Teýýup Aslanow, Gülýaz Mämmedowa, Gülýanak Mämmedowa, Faik Agaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülistan Aliýewa, şeýle hem solistler Nermin Nerimanly, Rewana Gurbanowa, Samire Rejebli, Emrah we Aýşa Orujowlar, Fatime Jafarzada, Röýa Mürselowa hem-de Sahib Ismiýew çykyş etdiler.

 

Fikret Emirow adyndaky Azerbaýjan Döwlet Halk Saz Gurallary Orkestri, Gara Garaýew adyndaky Azerbaýjan Döwlet Kamera Orkestri (dirižýor Mustafa Aşurow), Azerbaýjan Döwlet Tans Ansambly (çeper ýolbaşçy Halk artisti Rüfat Halilzada) we “Sawalan” topary özleriniň täsirli aýdym-saz we tans çykyşlary bilen agşama aýratyn öwüşgin çaýdylar.

 

Türkmen halk aýdymlarynyň hem ýer alan maksatnamasy tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

 

Azerbaýjanyň baý aýdym-saz we tans medeniýetiniň ýokary derejede görkezilen bu agşamy türkmen tomaşaçylaryna ýatdan çykmajak sungat lezzetini bagyşlady.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty